Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda COVID çäklendirmeleri ‘2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli saklanar’


Eýranly bir işgär gorag maskasyny dakynýar
Eýranly bir işgär gorag maskasyny dakynýar

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ýurtda koronawirus pandemiýasy sebäpli yglan edilen adaty daşary ýagdaýyň ýene azyndan 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli saklanjakdygyny aýtdy. Rohaniniň bu baradaky beýanaty 9-njy awgustda çap edildi.

Rohani girizilen çäklendirmeleriň hem golaýda gowşadylmagyna garaşylmaýandygyny aýtdy.

Soňky iki aýyň dowamynda Eýran ozal girizilen käbir çäklendirmeleri gowşadyp başlapdy.

Netijede golaýda ýurtda koronawirus bilen bagly täze ýagdaýlar artyp başlady. Şol sanda, bir günde 200 adam ölümi hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG