Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan terrorçylyk boýunça dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň arasynda ýerleşdirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan Global terrorçylyk indeksiniň 2019-njy ýyl boýunça sanawynda 138-nji orny eýeläp, dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň arasynda ýerleşdirildi. Bu barada türkmen hökümetine ýakyn Orient.tm neşiri Ykdysadyýet we parahatçylyk institutynyň geçiren soňky barlaglaryna salgylanyp, 10-njy awgustda habar berdi.

Sanawda Owganystan, Yrak, Nigeriýa, Siriýa we Pakistan dünýäde iň howply bäş ýurt diýlip kesgitlendi.

Maglumata görä, gözden geçirilen döwürde dünýädäki iň uly 20 terrorçylykly hüjümiň 16-sy Owganystanda amala aşyryldy. Owganystandaky bu hüjümlerde 1657 adam öldi.

Indeksde Türkmenistan bilen birlelikde 138-nji orunda ýerleşdirilen ýurtlaryň arasynda Sloweniýa, Portugaliýa, Belarus, Rumyniýa, Kuba, Singapur, Oman we Demirgazyk Koreýa dagy bar.

XS
SM
MD
LG