Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo 11-nji awgustda Praga gelip, 5G tor gurluşygynda Hytaýyň roluny öz içine alýan gün tertibi bilen Merkezi Ýewropa ýurtlaryna bäş günlük saparyna başlady.
Pompeo Sloweniýa, Awstriýa we Polşa sapar etmezden öň, iki gün Çehiýa respublikasynda bolar.
Pompeonyň bu ýurtlara edýän saparynda esasy üns Huawei bilen hyzmatdaşlygy ret etmek we Ýewropanyň energiýa boýunça Russiýa garaşlylygyny azaltmak ugrundaky kampaniýa gönükdiriler. Hytaýyň ägirt uly telekommunikasiýa kompaniýasy Huawei bäşinji nesil Internetde öňdeligi eýeleýändigi sebäpli Waşington tarapyndan howp hasaplanýar.
Pragada Pompeo çeh kärdeşi Tomas Petricek bilen Plzen şäherine sapar edip, 1945-nji ýylda Çehiýanyň günbataryndaky şäheri azat eden ABŞ goşunlaryna hormat bildirmek çäresine gatnaşar.
12-nji awgustda ol çeh premýer-ministri Andreý Babiş bilen gepleşikleri geçirmezden öň, 5G bilen bagly Çehiýanyň we Birleşen Ştatlaryň tehnologiýa kompaniýalary bilen duşuşar.
13-nji awgustda Pompeo Sloweniýa sapar eder. Bu ýerde onuň 5G howpsuzlygy barada ikitaraplaýyn şertnama gol çekmegine garaşylýar.