Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestleriň fonunda oppozisiýa dalaşgäri Tsihanouskaýa Belarusy terk etdi


Belarus oppozisiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Swýatlana Tsihanouskaýa
Belarus oppozisiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Swýatlana Tsihanouskaýa

Belarus oppozisiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Swýatlana Tsihanouskaýa Belarusy terk edip, Litwa bardy. Bu barada Baltika ýurdunyň daşary işler ministri Linas Linkewiçus 11-nji awgustda Twitter sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda mälim etdi.

Bu waka prezident saýlawlary bilen bagly Belarusyň çäginde protestler geçirilýän mahalyna gabat geldi. Oppozisiýa bu saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýar.

Tsihanouskaýa 11-nji awgustda tut.by habar websaýty tarapyndan ýaýradylan wideoda Belarusy terk etmek baradaky karara özbaşdak gelendigini aýtdy.

Wideonyň Tsihanouskaýa Belarusda mahaly, ýagny 10-njy awgustda ýa-da Litwa baranyndan soň düşürilendigi entek belli däl.

Emma Tsihanouskaýanyň ýarany Maryýa Kalesnikawa 11-nji awgustda eden çykyşynda bu wideo beýanatyň, Tsihanouskaýa "ýokary derejeli kanun goraýjy edaralaryň" işgärleri tarapyndan üç sagatlap aklawçysyz saklanandan soň, basyş astynda etdirilendigini aýtdy. Şonda ol resmi saýlaw netijeleri barada Minskdäki Merkezi saýlaw toparynyň baş edarasyna resmi şikaýat bilen ýüzlenmäge synanyşýardy.

“Ol ýerde Swýatlananyň biziň bilen aragatnaşygy ýokdy. Soňky wideo şu üç sagadyň netijesidir” diýip, Kalesnikawa aýtdy.

XS
SM
MD
LG