Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi


"Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň uçary.
"Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň uçary.

11-nji awgustda Mary şäheriniň we onuň golaýyndaky obalaryň asmanynda "Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň ýolagçy uçary birnäçe sagat aýlandy. Borty EZ-A778 belgili Boeing 777 uçary örän pes beýiklikde bäş sagatdan gowrak aýlandy diýip, Marynyň we birnäçe obanyň ýaşaýjysy aýtdy. “Flightradar24” internet saýtynyň habaryna görä, bu uçar hakykatdanam ýerli wagt bilen öýlän sagat 3 töweregi Aşgabatdan uçdy, ýöne 35 minutdan soň, görnüşine görä, onuň transponderi öçürildi we websaýtyň radarlaryndan bäş sagatlap ýitirim boldy.

Mary şäheriniň birnäçe ýaşaýjysy agşam sagat 4-den soň Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy bilen habarlaşyp, şäher aeroportunyň ýerleşýän ýeriniň asmanynda aýlanýan ýolagçy uçary barada gürrüň berdi.

Şaýatlaryň sözlerine görä, şol pursatda polisiýa Mary şäherindäki aeroportuň binasyndan we golaýdaky köçelerden adamlary çykaryp hem-de dargadyp başlady. Birnäçe wagtdan soň tiz kömek we ýangyn söndüriji gullugyň ulaglary aeroporta geldi. Şol bir wagtyň özünde, şäheriň hemme ýerinde Internet öçürildi.

Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy welaýat merkezindäki tanyşlary bilen habarlaşyp, uçaryň şäheriň üstünden aýlanýandygy we Internetiň kesilendigi baradaky maglumatlary tassyklady.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy Marynyň asmanyndaky ýagdaý barada maglumaty alanyndan soň, “Flightradar24” websaýty arkaly sebitdäki ähli uçarlary yzarlamaga synanyşdy, emma tutuş welaýatyň asmany boşdy.

11-nji awgustda agşam sagat 6 töweregi Baýramalydaky habarçymyz uçaryň görnüşini we bort belgisini anyklamagy başardy. Bu "Türkmenhowaýollary" kompaniýasyna degişli bort belgisi EZ-A778 bolan Boeing 777 ýolagçy uçarydy.

Uçar ýerli wagt bilen sagat 15:34-de “Flightradar24” websaýtynyň radarlaryndan ýitirim boldy we bäş sagatlap onuň ýerleşýän ýeri barada maglumat bolmady.
Uçar ýerli wagt bilen sagat 15:34-de “Flightradar24” websaýtynyň radarlaryndan ýitirim boldy we bäş sagatlap onuň ýerleşýän ýeri barada maglumat bolmady.

“Flightradar24” websaýtynyň habaryna görä, EZ-A778 belgili uçar ýerli wagt bilen sagat 14:59-da Aşgabatdan Mary welaýatyna tarap ugrady, ýöne takmynan sagat 15:34-de “Flightradar24”-iň radarlaryndan ýitirim boldy we websaýtda onuň ýerleşýän ýeri barada bäş sagatdan gowrak maglumat bolmady.

Soňra uçar sagat 21:07-de ýene “Flightradar24”-da peýda bolýar, ýöne eýýäm Aşgabat şäherine gaýdyp barýar. Ýerli wagt bilen sagat 21:44-de uçar paýtagtyň aeroportuna gondy.

Aşgabatdan uçup, yzyna gaýdyp gelen uçaryň gatnaw belgisi üýtgemedi. Ol T53778 bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosy uçaryň geň hereketleri barada entek hiç hili düşündiriş alyp bilmedi.

Borty EZ-A778 belgili Boeing 777-200 uçary "Türkmenhowaýollary" tarapyndan 2014-nji ýylyň fewral aýyndan bäri, ýagny 6 ýyldan gowrak wagt bäri işledilýär. Karantin bilen bagly halkara gatnawlary ýatyrylmazyndan ozal bu uçar Stambula, Moskwa, Bangkoga we beýleki ugurlara uçar gatnawlaryny amala aşyrýardy. Soňky birnäçe aýyň dowamynda uçar Aşgabat bilen ýurduň sebitleriniň arasyndaky uçuşlary amala aşyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG