Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden Kamala Harrisi wise-prezident hökmünde saýlady


Kamala Harris

ABŞ-da demokratlardan prezidentlige dalaşgär Jo Baýden (Joe Biden) wise-prezident hökmünde kaliforniýaly senator Kamala Harrisi saýlandygyny 11-nji awgustda mälim etdi.

55 ýaşly Harris ABŞ-nyň taryhynda şeýle ýokary derejeli wezipä hödürlenen ilkinji garaýagyz aýal boldy.

Baýden öz kararyny mälim edenden birnäçe minut soňra, prezident Donald Tramp Twitter hasabynda Harrisi “galp” atlandyryp, oňa hüjüm etdi, şeýle-de onuň Baýden bilen birlikde “radikal çepçiler bilen ysnyşandygyny” aýtdy.

Demokratlardan prezidentlige dalaşgär hökmünde Baýden bilen resmi ýagdaýda bäsleşen Harris bu wezipe üçin esasy kandidatlaryň biri hasaplanypdy.

Prezident Barak Obama döwründe sekiz ýyllap wise-prezident bolan Baýden martda özüniň wise-prezidenti hökmünde aýal maşgalany saýlap aljakdygyny mälim edipdi.

Kakasy ýamaýkaly we ejesi hindi Harris ozal Kaliforniýanyň baş prokurory we San-Fransiskonyň etrap prokurory bolupdy.

Baýden 3-nji noýabrda geçjek prezidentlik saýlawlarynda Tramp bilen bäsleşer. Pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, ozalky wise-prezident Trampdan 10 bal öňde barýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG