Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň prezidenti Makron Liwan we Belarus boýunça rus hem-de eýran liderleri bilen söhbetdeşlik geçirdi


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Belarusda saýlawlardan soňky zorlugy we Beýrutda bolan weýrançylykly partlamadan soň Liwandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdy.

12-nji awgustda Makron eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen hem telefonda söhbetdeşlik geçirip, Tährandan Liwana gatyşmazlygy we dartgynlygy artdyrmazlygy talap etdi.

Eýran şaýy söweşiji topary “Hizbullahyň” üsti bilen Liwana täsir edýär. Toparyň syýasy ganaty iş başyndan çekilen liwan hökümetini goldaýar we maronly hristian prezident Mişel Auna ýaranlyk edýär.

Şu hepde Liwanda premýer-ministr Hassan Diabyň ýolbaşçylygyndaky hökümet ençeme gün dowam eden demonstrasiýalardan soň işden çekildi. Demonstrasiýalar 4-nji awgustda Beýrut portunda bolan we 171 adamyň ölümine getiren weýrançylykly partlamanyň fonunda geçirildi.

Rohani bilen geçiren söhbetdeşliginde Makron “degişli ähli güýçlere...Liwana daşardan gatyşmazlygyň hem-de adatdan daşary ýagdaýyň hötdesinden gelip biljek hökümete ýol bermegiň zerurdygyny nygtady” diýip, Elysee köşgi beýanat berdi.

Putin bilen geçiren söhbetdeşliginde Makron Liwanda durnuklylygy dikeltmekde Russiýany halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG