Müňlerçe belarusly 15-nji awgustda prezident Aleksandr Lukaşenkanyň jedelli gaýtadan saýlanmagyna we halkara derejesinde gahar-gazap döreden ýowuz basyp ýatyrmalaryna garşy ýedinji gün parahatçylykly demonstrasiýa geçirdi.
Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygy baradaky baradaky resmi habardan şikaýat edip, Litwa çykmaga mejbur bolanyndan soň, 15-nji we 16-njy awgustda parahatçylykly ýörişlere çagyrdy.
Belarus döwletiniň radio we telewideniýesiniň Minsk studiýasynyň daşynda birnäçe müň adam ýygnanyp, haýatyň aňyrsynda duran birnäçe esgere garap, parahatçylykly şygarlara gygyrdy.
Demonstrantlar döwlet metbugatynda işleýän žurnalistleri öz diňleýjilerine “hormat goýmaga” çagyrdylar.
Döwlet telewideniýesiniň yşyklandyryş boýunça tehnigi Uladzimer Tsitarenka Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda tehniki işgärleriň “takmynan 80 göteriminiň” saýlawlara nägilelik bildirmek üçin umumy iş taşlaýyşa gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Biraz öň paýtagt Minskdäki Puşkin metro stansiýasynyň golaýynda müňlerçe adam 10-njy awgustda şol ýerde ölen we 15-nji awgustda jaýlanylýan 34 ýaşly protestçi Aleksandr Taraýkowskini hormatlamak üçin ýygnandy.
1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenkany ýeňiji diýip yglan eden 9-njy awgust saýlawlaryndan bäri geçirilen demonstrasiýalarda azyndan iki adam öldürildi we müňlerçe adam tussag edildi. Demonstrantlar Minskiň we beýleki şäherleriň köçelerinde görlüp-eşidilmedik sahnalary emele getirip, rehimsiz basyşlara garamazdan, Lukaşenka garşy çykyşlaryny barha güýçlendirdiler.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.