Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl iki arada turan zorlukly hereketlerden soň Gaza zolagynda balyk tutulmagyny togtadýar


Harbylar Demir gümmez howa gorag ulgamynyň Gazadaky söweşijileriň Ysraýylyň günortasynda atan iki raketasyny saklandygyny aýtdy.

Ysraýyl 16-njy awgustda, gije palestin söweşijileri bilen bolan serhedara söweşden soň, Gaza zolagynyň deňizdäki balykçylyk zolagyny ýapdy.

Ysraýylyň howa zarbalary söweşjeň Hamas dolandyryjylaryna degişli ýerleri nyşana alandan soň, Gazadaky palestinaly söweşijiler Ysraýylyň günortasyna iki raketa atdy.

Harbylar Demir gümmez howa gorag ulgamynyň Gazadaky söweşijileriň Ysraýylyň günortasyna atan iki raketasyny saklandygyny aýtdy. Emma polisiýa gelip ýeten raketanyň Sderot şäherindäki bir jaýa zeper ýetirendigini aýtdy.

Ysraýyl goşuny bu howa zarbalarynyň Hamas bilen baglanyşykly toparyň serhedaşyr atan partlaýjy howa şarlaryna we palestinaly demonstrantlaryň Ysraýyl-Gaza haýatynyň ýokarsynda duran esgerlere partlaýjy serişdeleri zyňmaga synanyşmagyna berlen gaýtawul bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG