Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG täze koronawirus hadysalarynyň rekord sanyny ýazga alýar


Saglyk işgärleri 24 sagatlyk iş taşlaýyşa gatnaşýar.

Bütindünýä saglyk guramasy soňky 24 sagadyň dowamynda 294 237 täze COVID-19 hadysasynyň hasaba alnandygyny habar berdi. BMG-niň saglyk guramasy 15-nji awgustda çap edilen ýagdaý hasabatynda dünýädäki koronawirus näsaglarynyň umumy sanynyň 21 milliondygyny aýtdy.

Hasabatda COVID-19 bilen baglanyşykly ýene 9 985 adamyň ölendigi, dünýäde bu dertden ýogalanlaryň sanynyň 755,786-a ýetendigi aýdylýar.

BSG-nyň maglumatlarynda diňe resmi taýdan tassyklanan näsaglyklar we ölümler bar, hakykatda keselçilikde hem, ölüm boýunça hem sanlaryň has ýokarydygyna ynanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG