Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gazak prezidentiniň agtygy Aýsoltan Nazarbaýew Londonda öldi


Aýsotlan Nazarbaýew (arhiw suraty)
Aýsotlan Nazarbaýew (arhiw suraty)

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň agtygy Aýsotlan Nazarbaýew 29 ýaşynda Londonda aradan çykdy.

Onuň ejesi, gazak parlamentiniň ozalky spikeri Dariga Nazarbaýewa 16-njy awgustda beýanat ýaýradyp, oglunyň ölendigini tassyklady.

“Biziň maşgalamyz söýgüli Aýsoltanymyzyň ýasyny tutýar. Bu agyr pursatda biziň şahsy durmuşymyza garyşmamagyňyzy soraýarys” diýip, ol aýtdy.

1999-njy ýylyň ýanwarynda şol wagtky gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew agtygy Aýsoltan bilen ses berýär.
1999-njy ýylyň ýanwarynda şol wagtky gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew agtygy Aýsoltan bilen ses berýär.

Bir döwür Aýsoltan Nazarbaýew Gazagystanyň milli futbol federasiýasynyň wise-prezidenti hem bolupdy. Emma soňky ýyllar ol gazak resmilerini we kuwwatly maşgalasynyň agzalaryny tankytlap, üns merkezine düşüpdi.

Geçen ýyl britan sudy Aýsoltany, Londonyň polisiýa işgärine hüjüm edendigi üçin, şertli ýagdaýda tussaglyga höküm edipdi.

Fewralda ol Britaniýadan gaçybatalga soraýandygyny yglan edipdi.

Ol Nazarbaýewanyň we onuň ozalky adamsy Rahat Alyýewiň ikinji ogludy. Nursoltan Nazarbaýewiň tankytçysy Rahat Alyýew 2015-nji ýylda Awstriýanyň türmesinde, adam öldürmek aýyplamalary boýunça derňewiň arasynda, aradan çykdy.

Neşekeşlikden ejir çekýändigini boýun alan Aýsoltan Nazarbaýewiň ýürek ýetmezçiliginden ölendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG