Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabula edilen raketa hüjümlerinde azyndan 10 adam ýaralandy


Kabula edilen hüjümiň netijesinde zeper ýeten ulaglar. 18-nji awgust, 2020 ý.

Owgan resmileri ýurtda garaşsyzlygyň 101 ýyllygy bellenilýän mahaly, Kabuldaky ýaşaýyş we diplomatik sebitlere raketalaryň ençemesi atylandan soň, azyndan 10 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi 18-nji awgustda beren maglumatynda iki ulagdan 14 sany raketanyň atylandygyny we bu waka bilen ilteşikli iki şübheliniň tussag edilendigini aýtdy.

Partlamalar esasy diplomatik etrapçany sarsdy. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, ilçihana işgärleri gorag astyna alnan mahaly, etrapça dessine petiklendi.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Bu hüjüm Birleşen Ştatlar Owganystanda 19 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän urşy bes etmek üçin “Talyban” bilen Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabuldaky hökümetiň arasynda parahatçylyk gepleşiklerine başlamaga synanyşýan we öz goşunyny bu ýurtdan çykarýan mahaly boldy.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid hüjümlerden habarsyzdygyny aýtdy.

“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň Owganystanda hereket edýän bölümi geçmişde raketa atyp, milli dabaralary böwetläpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG