Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanly aktiwist türme möhletini tamamlandan soň azat edildi


Fuad Ahmadli (çepde)
Fuad Ahmadli (çepde)

Azerbaýjanyň oppozision Halk front partiýasynyň (AXCP) aktiwisti dört ýyl tussaglyk möhletini tamamlandan soň, türmeden boşadyldy. Ol özüniň syýasy matlaply aýyplamalarda höküm edilendigini öňe sürýär.

Fuad Ahmadli 18-nji awgustda irden boşadylandan soň, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň tussag edilmeginiň häkimiýetleriň Halk front partiýasynyň agzalaryna garşy dowam etdirýän hüjümleriniň bir bölegidigini aýtdy.

Türmede oturan wagty barada soralanda, Ahmadli "beýle kyn däldi" diýip, muny başdan geçirendigine “buýsanýandygyny” aýtdy.

Ahmadli 2016-njy ýylyň awgustynda tussag edilipdi we şol wagt işleýän ýeri “Azerfon” mobil operatorynda müşderileriň şahsy maglumatlaryny ogurlamakda aýyplanypdy.

2017-nji ýylda Bakuwyň Agyr jenaýatlar boýunça sudy ony mobil operatorynyň müşderileriniň bikanun alnan şahsy maglumatlaryny üçünji tarapa bermekde günäli tapdy.

Uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan prezident Ylham Aliýewiň hökümetiniň tankytçylary nebite baý ýurduň häkimiýetleriniň oppozisiýa aktiwistlerini, žurnalistleri we adam hukuklaryny gorap çykyş edýänleri galp aýyplamalar bilen türmä basmak arkaly başgaça pikir-garaýyşlylary köplenç dymdyrmaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG