Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp täze hasabatyň özüniň Russiýa bilen dildüwşüklige goşulmandygyny görkezendigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Aňtaw komitetiniň Russiýanyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy baradaky soňky hasabatynyň özüniň Russiýa we Ukraina bilen dildüwşüklige goşulmandygyny äşgär edendigini aýtdy.

Tramp bu barada 18-nji awgustda Arizona ştatynyň Ýuma şäherinde özüniň saýlaw kampaniýasy wagty çykyş etdi, şeýle-de “galp” diýip häsiýetlendiren bu hasabaty okamandygyny sözüne goşdy.

“Men özümiň [Russiýa ýa Ukraina] bilen hiç hili ilteşigimiň ýokdugy bilýärin, bu hasabatda açyk we aýdyň bellenilýär” diýip, Tramp aýtdy.

Trampyň 2020 saýlaw kampaniýasy hasabatyň Trampyň kampaniýasy bilen Russiýanyň arasynda hiç hili dildüwşük bolmandygyna hem kepil geçýändigini nygtady.

Beýanatda “Russiýa bilen dildüwşük bolandygy baradaky ýalanyň ýurduň taryhyndaky iň uly syýasy dawa bolandygy” hem aýdylýar.

Hasabatda 2016-njy ýyldaky saýlawlaryň dowamynda Russiýanyň Trampyň bähbidine agressiw tagalla edendigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG