Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml tankytçysy Nawalnyý güman edilýän zäherlenmeden soň 'huşsuz' halda ýatyr


Alekseý Nawalnyý "Tiz kömege" ýerleşdirilýär. Omsk, 20-nji awgust, 2020
Alekseý Nawalnyý "Tiz kömege" ýerleşdirilýär. Omsk, 20-nji awgust, 2020

Kremliň belli tankytçysy Alekseý Nawalnyý Omskda bir hassahananyň agyr bejergi bölümine ýerleşdirildi, ol zäherlenmede güman edilip bejergi alýar diýip, Nawalnyýnyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş aýtdy.

Nawalnyý Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa dolanyp barýarka ýarawsyzlandy, uçar Omskda öňünden planlaşdyrylmadyk gonuş amala aşyrmaga mejbur boldy we Nawalnyý ol ýerden tiz kömek ulagynda keselhana äkidildi diýip, Ýarmyş 20-nji awgustda twit ýazdy.

44 ýaşly korrupsiýa garşy göreşiji “huşsuz ýatyr” diýip, ol ýazdy.

TASS habar agentliginiň habar bermegine görä, Omskyň 1-nji tiz kömek hassahanasynyň baş lukmany Aleksandr Murahowskiý Nawalnyýnyň “ýagdaýynyň agyrdygyny” aýtdy.

“Biz Alekseýiň çaýyna zäherli bir zat garylandyr öýdýäris. Ol irden diňe çaý içdi. Lukmanlar zäheriň gyzgyn suwuklygyň üsti bilen çalt siňendigini aýdýarlar” diýip, Ýarmyş aýtdy.

Soňra ol Nawalnyýnyň keselhananyň agyr bejergi bölümindedigini aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy Nawalnyý Russiýada giň ýaýran korrupsiýany paş etdi. Ol soňky ýyllarda birnäçe gezek tussag edildi, onuň prezidentlige dalaş etmegi gadagan edildi we Moskwanyň häkimligine dalaş etmeginiň öňi baglandy.

XS
SM
MD
LG