Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Mekdeplerde sapaklar 1-nji sentýabrda başlanar, ene-atalar çagalaryny alada edýär


Türkmen okuwçy
Türkmen okuwçy

Türkmenistanda COVID-19-a meňzeş alamatlar bilen barha köp adamlaryň hassahanalara düşýändigi, munuň bilen baglylykda ýurtda ölüm hadysalarynyň hem artýandygy aýdylýan döwri, türkmen häkimiýetleri, goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň görüljekdigini öňe sürüp, mekdeplerde okuwlaryň adatdakysy ýaly 1-nji sentýabrda başlanjakdygyny yglan etdiler. Bu aralykda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ene-atalar ‘häzirki ýagdaýda çagany mekdebe ibermek onuň jan-saglygyny töwekgellige salmakdyr’ diýip, bu özgerişlere alada bildirdiler.

Türkmenistanda ýeke hadysasy hem resmi taýdan tassyklanmadyk pandemiýa aladalary bilen baglylykda, 1-nji sentýabrda mekdeplerde başlanjak sapaklar täze düzgünlere laýyklykda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministri şu ýylyň 14-nji awgustynda #185 karary kabul etdi diýip, türkmen hökümetine ýakynlygy tanalýan internet neşirlerinde habar peýda boldy.

Täze düzgünlere laýyklykda: mekdeplerde birnäçe giriş-çykyş gapylary açyk saklanar, ene-atalaryň gelmegine çäklendirme giriziler, synp otaglarynda okuwçylar biri-birinden 2 metr aralykda oturdylar, şeýle-de okuwçylardan, mugallymlardan we tehniki işgärlerden maska dakynmak talap ediler.

Maglumatda aýdylmagyna görä, mekdeplerde okuw ýylynyň başlanmagynyň öňýany, mundan soň hem her hepde sanitariýa-gigiýena we dizifensikýa işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Aşgabatda COVID-19 hassasynyň öýkeniniň rentgen suraty
Aşgabatda COVID-19 hassasynyň öýkeniniň rentgen suraty

Mundan başga-da, türkmen resmileri, ýaş çagalaryň bu sebäpli özlerini ýaramaz duýýandygy baradaky maglumatlara garamazdan, synp otaglarynda ýüzärligiň tüssesini tütetjekdiklerini hem aýdýarlar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginden bu täze düzgünler, olaryň berjaý edilmegine nähili gözegçilik ediljekdigi, şeýle-de bularyň okuwçylaryň, soňy bilen-de olaryň hossarlarynyň saglygyny nä derejede gorap biljekdigi baradaky kepiller dogrusynda kommentariýa almak başartmady. Umuman Bilim ministrligiň resmi websaýtynda mekdeplerdäki täze düzgünler barada düýbünden maglumat ýerleşdirilmändir.

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar türkmen hökümetiniň koronawirusyň dünýäde pandemiýa diýlip yglan edileninden bäri tas alty aý çemesi wagtyň içinde wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça hiç hili çäre görmändigine, hat-da onuň adyny agzamagy hem gadagan edendigine, şeýle-de häzir ýurta COVID-19 bilen keselleýänler, ondan ölýänler baradaky maglumatlary ýaşyrýandygyna ünsi çekip, mekdeplerdäki görüljekdigi aýdylýan çäreleriň iş ýüzünde nä derejede berjaý ediljekdigini we olaryň ygtybarlylygyny sorag astyna alýarlar.

Bu aralykda, ýurduň dürli künjeklerinde ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen studentleri Aşgabada goýbermezden ozal, ýörite barlaglardan geçirip başladylar.

“Häzir Lebapda ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen talyplaryň analizlerini alýarlar. Bu işleri 28-nji awgusta çenli geçirip gutarmak göz öňünde tutulýar. Koronawirus ýüze çykarylmadyk talyplar otly bilen Aşgabada ugradylýar. Olar paýtagtda hem 14 gün karantinde saklanarlar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly lebaply çeşmelerimiziň biri 20-nji awgustda gürrüň berdi.

Aşgabatda COVID-19 hassasynyň öýkeniniň rentgen suraty
Aşgabatda COVID-19 hassasynyň öýkeniniň rentgen suraty

Şol bir wagtda, Azatlygyň ýurt içindäki saglyk pudagyndaky çeşmeleri COVID-19-a täze ýoluganlar we ondan heläk bolanlar barada maglumat berýärler.

“Düýn Aşgabadyň etegindäki Bagyr sebitinde üç adam, şol sanda 70 ýaşly bir lukman öýünde heläk boldy. Mundan iki hepde töweregi ozal Aşgabadyň Parahat 2/4 etrapçasynda hem bir ýaşuly adam aradan çykdy” diýip, Aşgabatda COVID-19 ýagdaýlaryny yzarlaýan çeşmelerimiziň biri 20-nji awgustda gürrüň berdi.

Şeýle-de Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna COVID-19 hassasynyň rentgenden geçen suraty gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň Saglyk ministrliginden we Aşgabadyň degişli saglyk edaralaryndan bular barada maglumat almak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG