Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda adamlary karantiny bozandygy üçin tutýarlar, mekdeplerde tütedilýän üzärlik çagalara erbet täsir ýetirýär


Üzärlik
Üzärlik

Türkmenistanda adamlar karantin düzgünlerini bozandygy üçin tutulýar orta mekdeplerde bolsa yzly-yzyna üzärlik tütedilýär. Bu ýagdaýlar COVID-19 pandemiýasynyň dowamynda bolup geçýär. Türkmenistan üzärlik tüketmek boýunça uly tutumly kampaniýa prezident Berdimuhamedowyň üzärligiň tüssesini koronawirusa garşy çäre hökmünde ulanmak barada beren görkezmesinden soň başlandy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary şu günler karantin düzgünlerini bozandygy üçin adamlaryň tussag edilýändigini habar berýärler. Azatlyga mälim bolan ýagdaýlaryň biri 15-nji aprelde Aşgabadyň eteginde pata ýerde bolupdyr. Bu çärä gelen adamlaryň biri öýden çykan badyna tussag edilipdir.

"Öýden çykan badyna ony polisiýa işgärleri tussag etdiler, barlag üçin dokument görkezmegi talap etdiler. Ol pasportyny görkezdi, polisiýa işgärleri onuň karantin düzgünleri bozandygyny aýdyp, awtoulagly alyp gitdiler", - diýip habarçymyz gürrüň berdi.

Polisiýa tarapyndan alnyp gidilen adamyň soňky ykbalyny anyklap bolmady.

Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň gizlinlik dertlerini we howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen onuň adyny we ýagdaýyň jikme-jiklerini agzamaýar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşri Türkmenabat şäherinde toýlary, baýramçylyklary, patalary we beýleki üýşmeleňleri geçirmegiň gadagan edilendigini habar berdi. Bu gadagançylyk barada türkmen häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri tarapyndan habar bolmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirus keseliniň we onuň bilen bagly karantiniň bar bolmagyny resmi taýdan boýun almaýar.

Ýurduň ýolbaşçylary ýurtda COVID-19 keseliň öňüni almak boýunça wagtynda çäre görlendigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da, tutuş ýurt boýunça üzärlik tütetmek boýunça işler uly tutumda amala aşyrylýar.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, soňky bir aýyň dowamynda üzärligi koronawirusa garşy göreşmek üçin ähli ýerlerde ýakýarlar. Hususan-da, orta mekdeplerde üzärligiň yzly-yzyna ýakylmagy çagalaryň saglygyna erbet täsir ýetirýär.

"Mekdeplerde oraglarda oty örän köp ýakýarlar, çagalaryň kellesi agyrýar, käbirleriň ýüregi bulanýar", - diýip Aşgabatdaky habarçymyz okuwçylaryň ene-atalaryna salgylanyp, 15-nji aprelde gürrüň berdi.

Üzärlik mekdeplere günüň dowamynda birnäçe gezek, şol sanda sapaklaryň geçýän wagtynda tütedilýär.

"Onunjy klasda okaýan gyzym her gün mekdepden öýe gelende kellesiniň agyrýandygyny aýdýar. Biz näme boldy diýip sorasak, ol gün uzyn arasyna bir salym salyp, üzärlik tütedýärler diýýär, şondan otaglarda agyr ysyň bardygyny, çagalaryň agzy ajap, dem almagynyň kyn bolýandygyny aýdýar" - diýip, ene-atalaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Mekdep okuwçylarynyň ene-atalary üzärligiň tüssesinden ýaňa çagalaryň okuwa üns berip bilmeýändigini, munuň olaryň bilimine zyýan ýetirýändigini aýdýarlar.

Ähli ýerde üzärlik tütetmegiň inisiatiwasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli.

Türkmenistanda bitýän ösümlikleriň wagyzçysy Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji martda çykyş edip, ilata koronawirusdan halk usullary, şol sanda üzärlik ýakmak we burçly unaş iýmek bilen goranmagy maslahat beripdi.

Türkmen prezidentiniň üzärligiň bejeriş ukyby hakynda ylmy taýdan subut edilmedik şol çykyşy BSG-nyň şu günki gün dünýäniň tas ähli ýerini gurşap alan heläkçilikli koronawirusyň global pandemiýasyny ygan eden pursadyna gabat gelipdi.

Prezidentiň inisiatiwasyny döwlet mediasy we aýdym-saz wekilleri alyp göterdiler. Döwlet telewideniýesi ösümligiň peýdasy barada yzly-yzyna gepleşik berdi.

Soňky aýyň dowamyna üzärlik tütetmek işiniň bat almagy onuň bahasyň hem göterilmegine getirdi, ol ortaça 10-15 esse gymmatlady.

Mekdeplerde tütediljek üzärlik üçin çagalardan pul toplanyp başlandy.

Şol bir wagtda-da, üzärlik barada berilýän ylmy düşündirişlerde oty medisina maksatlary üçin ulanmakda onuň dozirowka möçberine üns berilmelidigi, sebäbi onuň zäherlidigi aýdylýar.

Üzärligiň we ondan öndürilen serişdeleriň uzak wagtlap ulanylmagynyň dem alyşy kynlaşdyrýandygy, garyn-içege we beýleki organlaryň işleýşine zyýan ýetirýändigi we aşa ulanylan otuň düzümindäki maddalaryň adamyň hereket etmek ukybyna zeper ýetirip, ölümine sebäp bolup bilýändigi habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG