Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan neşe serişdelerine garşy göreş gullugynyň emeldaryny galplykda aýyplaýar


Tutulan neşe maddalary
Tutulan neşe maddalary

Täjigistanyň neşe serişdelerine garşy döwlet gullugynyň ýokary derejeli resmisi wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, uly möçberde gazanç etmek aýyplamalary astynda tussag edildi.

Döwlet eýeçiligindäki “Howar” habar gullugy 20-nji awgustda Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetine salgylanyp, Saifiddin Barotzodanyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýandygyny aýtdy, emma başga jikme-jiklikleri aýtmakdan saklandy.

Eger-de günäli tapylsa, neşe serişdelerine garşy göreş gullugyny bölüm müdiri Barotzoda 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

Azatlyk Radiosy Barotzodanyň aklawçylary bilen habarlaşyp bilmedi.

Bu Merkezi Aziýa ýurdy korrupsiýanyň giň ýaran döwletleriniň biri hasaplanýar. Halkara aýdyňlyk guramasynyň 2019-njy ýyldaky korrupsiýa garaýyş indeksinde Täjigistan korrupsiýa boýunça 198 ýurduň arasynda 153-nji orny aldy.

Neşe serişdelerine garşy göreş gullugynyň birnäçe işgäri parahorlukda, neşe söwdasynda güman edilýänlerden köp mukdarda pul almakda günäli tapylyp, türmä basyldy.

XS
SM
MD
LG