Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan özbek oppozisiýa aktiwisti Berdiýewi Daşkende iberdi


Hurram Berdiýew ogly bilen.
Hurram Berdiýew ogly bilen.

Özbek häkimiýetleri Gazagystanyň tanymal özbek oppozisiýa aktiwisti Hurram Berdiýewi Daşkende deportasiýa edendigi baradaky habarlary tassyklady. Bu iş özbek resmileriniň resmi haýyşy boýunça amala aşyryldy.

Daşkent polisiýasy öz web sahypasynda 59 ýaşly Berdiýewiň 17-nji awgustda Özbegistanyň hukuk goraýjy edaralaryna tabşyrylandygyny aýtdy.

Polisiýanyň beren beýanatynda Berdiýewiň adam söwdasynda aýyplanýandygy aýdylýar, aktiwistiň tarapdarlary bu aýyplamanyň esassyzdygyny aýdylýar.

Beýanatda Berdiýewiň dürli iş wadalary bilen Gazagystana köp sanly özbek işçisini bikanun iberen, ýöne olaryň aýlyklaryny töläp bilmedik bir topara degişlidigi aýdylýar.

Polisiýa Berdiýewe garşy jenaýat işiniň 2013-nji ýylda açylandygyny aýtdy. Ol fewral aýynda Gazagystanda tussag edildi.

Berdiew 1990-njy ýyllarda oppozisiýadaky Erk partiýasynyň tarapdarydy. Şeýle-de ol “Mazlum” adam hukuklary toparynyň esaslandyryjysy boldy we dogduk mekany Surhondarýo welaýatynda bu guramanyň bölümine ýolbaşçylyk etdi.

Özbek hukuk goraýjy aktiwistleri Berdiýewe edilýän basyşyň 2005-nji ýylyň maý aýynda gündogar Andijon şäherinde hökümete garşy guralan protestleriň ganly basylyp ýatyrylmagyny garaşsyz ýagdaýda derňemäge edilen çagyryşlary goldandan soň başlandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG