Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin hassahanasy Nawalnyda “giň” gerimli anyklaýyş synaglaryny geçirýär


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Alekseý Nawalnynyň saglyk bejergisini alýan Berlin hassahanasy 22-nji awgustda lukmanlaryň rus oppozisiýa syýasatçysynda “giň” gerimli anyklaýyş synaglaryny geçirip başlandygyny mälim etdi.

Keselhana synaglaryň wagt talap edýändigini aýdyp, köpçülige ýaýradan twitinde synaglar tamamlanandan we maşgala bilen maslahatlaşylandan soň, lukmanlaryň kesel we görülmeli bejeriş çäreleri barada kommentariý berjekdigini hem belledi.

Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer (Frank-Walter Steinmeier) rus prezidenti Wladimir Putiniň ýiti syýasy tankytçysynyň koma düşmeginiň, ýagny huşsuz halda ýatmagynyň sebäbini anyklamagyň “möhümdigini” aýtdy.

Nawalnyý zäherlenme gümany astynda bejergi alýan Sibiriň Omsk şäherindäki keselhanadan tiz kömek uçary bilen Berline getirildi.

Nawalnyý üçin hususy uçar iberen nemes jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Jaka Bizilj näsagyň ýagdaýynyň uçuş wagtynda we gelende “durnukly bolandygyny” aýtdy.

Emma “Parahatçylyk üçin kinonyň” esaslandyryjysy Bizilj korrupsiýa garşy göreşijiniň ýagdaýynyň “aladalandyryjydygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Nawalnynyň maşgalasy we ýaranlary ony gyssagly bejergi üçin Germaniýa geçirmek tagallasyny etdiler. Ýöne näsagy bejerýän rus lukmanlary onuň ýerinden gozgalyp bilinmejekdigini, ýagdaýynyň örän agyrdygyny aýdyp, Kreml tankytçysynyň Omskdäki keselhanadan çykmagyna birnäçe sagatlap ýol bermediler.

XS
SM
MD
LG