Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran urlup ýykylan ukrain ýolagçy uçaryna 25 sekunt arakesme bilen iki raketanyň atylandygyny aýdýar


8-nji ýanwarda Ukrainanyň Halkara howa ýollarynyň uçary Tähran aeroportundan asmana galyp, Kiýewe tarap ugur alanda urlup ýykyldy. Uçardaky 176 adamyň hemmesi öldi.
8-nji ýanwarda Ukrainanyň Halkara howa ýollarynyň uçary Tähran aeroportundan asmana galyp, Kiýewe tarap ugur alanda urlup ýykyldy. Uçardaky 176 adamyň hemmesi öldi.

Eýran urlup ýykylan ukrain ýolagçy uçarynyň gara gutularynda geçirilen derňew oňa 25 sekunt arakesme bilen iki raketanyň atylandygyny we birinji zarbadan soň, uçardakylaryň heniz hem diridigini görkezýär diýýär.

Eýranyň Raýat awiasiýa guramasynyň ýolbaşçysynyň 23-nji awgustda yglan eden bu beýanaty ekipažyň kabinasyndaky ses we maglumat ýazgylarynyň mazmuny baradaky ilkinji resmi hasabatdyr. Bu maglumatlar öwrenmek üçin iýul aýynda Fransiýa iberilipdi.

Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlylyk döwründe, ýanwar aýynda Tähran Ukrainanyň howaýollary kompaniýasyna degişli uçary tötänleýin urup, ýere gaçyrandygyny aýtdy. Uçardaky 176 adamyň hemmesi öldi.

“Ilkinji raketa uçara gelip degenden 19 sekunt geçensoň, kokpitiň içindäki pilotlaryň sesleri ýolagçylaryň diridigini görkezýär... 25 sekuntdan soň ikinji raketa uçara degdi” diýip, Eýranyň döwlet telewideniýesi Touraj Dehghani-Zanganehiň sözlerini sitirledi.

Eýran urlup ýykylan uçarda raýatlary bolan we waka bilen baglanyşykly çuň derňewiň geçirilmegini talap edýän Ukraina, Kanada we beýleki ýurtlar bilen gepleşikleri geçirýärdi.

“Gara gutulardan alnan derňew maglumatlary syýasylaşdyrylmaly däldir” diýip, Zanganeh aýtdy.

Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň howa-goranyş güýçleri Ukrainanyň Halkara howa ýollarynyň uçaryny 8-nji ýanwarda, Tähran aeroportundan asmana galyp, Kiýewe tarap ugur alanda urup ýykdy. Eýran bu hadysanyň “weýrançylykly ýalňyşlyk” bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG