Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara güýçleri Taji harby bazasyny Yragyň howpsuzlyk güýçlerine tabşyryldy


Yargyň Taji harby bazasyndaky ABŞ harbylary. Arhiwden alnan surat
Yargyň Taji harby bazasyndaky ABŞ harbylary. Arhiwden alnan surat

23-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýa goşunlary Yragyň Taji harby bazasyndan çykyp, bazanyň kontrollugyny Yragyň howpsuzlyk güýçlerine tabşyrdy.

Bagdadyň 20 kilometr demirgazygynda ýerleşýän bu baza soňky aýlarda Eýran tarapyndan goldanylýan söweşijiler tarapyndan raketa hüjümleri amala aşyrylypdy. Şol hüjümlerde ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky goşunlar nyşana alnypdy.

“Koalisiýanyň harby işgärleriniň geçirilmegi Yrak hökümeti bilen utgaşdyrylan uzak möhletli planyň bir bölegidir” diýlip, koalisiýanyň beýanatynda Taji Lagerinde 2000-e çenli koalisiýa agzasynyň bolandygy, olaryň aglabasynyň şu tomus gidendigi hem bellenilýär.

Bu Yrak bazasynyň koalisiýa böleginiň Yrak güýçleriniň gözegçiligine sekizinji gezek geçirilendigini aňladýar diýlip, beýanatda aýdylýar.

Bu waka Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Yrakdaky az sanly ABŞ goşunyny yzyna aljakdygy, ýagny ýurtdan çykarjakdygy barada beren wadasyny tekrarlamagyndan birnäçe gün soň boldy.

XS
SM
MD
LG