Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenkanyň howp baradaky duýduryşyndan soň, Belarus has köp proteste taýýarlanýar


Belarusyň kanun goraýjy işgäri prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy Minskde geçirilen oppozisiýa demonstrasiýasyna seredýär. 22-nji awgust, 2020 ý.

Belarus 23-nji awgustda Alýaksandr Lukaşenkanyň jedelli gaýtadan saýlanmagyna garşy has köp protestleriň geçirilmegine taýýarlanýar. Mundan bir gün öň Lukaşenka ýurduň serhedinde günbatar güýçleriniň köpeljekdigi baradaky öňe sürmeleriniň arasynda, Belarusyň ýaragly güýçlerini “ýokary hüşgärlik” derejesine getirdi.

1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenka 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawynda ýeňiji diýlip yglan edileni bäri müňlerçe adam Belarusyň köçelerine çykýar.

Bu protestlerde 7000-den gowrak adam tussag edildi we ýüzlerçe adam polisiýa tarapyndan urlup-ýenjildi.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar ses berişligi tankytlap, saýlawdan soňky basyşy ýazgardy.

23-nji awgustda çap edilen habarda 12-nji awgustda geçirilen protestlerden soň ýitirim bolan bir ýigidiň jesediniň Minsk şäheriniň golaýyndaky tokaýda, bedeninde ýenjilendigi baradaky alamatlar bilen, tapylandygy aýdylýar.

Şu günki ýörişiň öňüsyrasynda, polisiýa Minske barýan ýollarda barlaglary geçirýän mahaly, polisiýa we goşun işgärleriniň şähere eltilýändigi görüldi.

Oppozisiýa kandidaty Swýatlana Tsihanouskaýa 22-nji awgustda eden çykyşynda belaruslylaryň “öz hukuklary üçin göreşmelidigini” we Lukaşenkanyň ýurduň harby howp astyndadygy baradaky öňe sürmelerine üns bermeli däldigini aýtdy.

Onuň bu çykyşy Lukaşenkanyň Polşadaky we Litwadaky NATO goşunlarynyň Belarusyň serhediniň golaýynda “çynlakaý herekete geçýändigini” ýene öňe süren mahalyna gabat geldi. NATO bu aýyplamalaryň “esassyzdygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG