Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Omskyň keselhanasy Nawalnyny bejeren lukmanlara basyş edilmändigini aýdýar


Nawalnynyň tarapdarlary lukmanlary onuň Germaniýa ewakuasiýa edilmegine böwet döretmekde aýyplaýarlar.
Nawalnynyň tarapdarlary lukmanlary onuň Germaniýa ewakuasiýa edilmegine böwet döretmekde aýyplaýarlar.

Sibiriň Omsk şäheriniň keselhanasynda Kremliň ýiti tankytçysy Alekseý Nawalna gözegçilik eden baş lukman ýerli häkimiýetleriň saglyk işgärlerine daşardan basyş etmändigini aýtdy.

Zäherlenendigi çaklanylýan rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny 22-nji awgustda tiz kömek uçary bilen Omskdan Germaniýa ewakuasiýa edildi. Häzirki wagt oňa Berliniň hassahanalarynyň birinde seredilýär.

Mundan öň, Nawalnyny bejerýän rus lukmanlary näsagyň ýagdaýynyň örän agyrdygyny, onuň ýerinden gozgalyp bilinmejekdigini aýdyp, Kreml tankytçysynyň Omskdäki keselhanadan çykmagyna ýol bermändiler.

Nawalnynyň maşgalasy we ýaranlary ony gyssagly bejergi üçin Germaniýa geçirmek tagallasyny etdiler.

Omskyň №1 keselhanasynyň baş lukmany Aleksandr Murahowskiý ýerli häkimiýetleriň lukmanlara basyş edendigi baradaky maglumatlary ret etdi, şeýle-de medisina işgärleriniň Nawalnyny aeoroportdan keselhana öz wagtynda geçirmegi başarandyklaryny sözüne goşdy.

Nawalnynyň tarapdarlary lukmanlary onuň Germaniýa ewakuasiýa edilmegine böwet döretmekde aýyplaýarlar.

Emma Omskyň keselhanasynyň başlygy Anatoliý Kaliniçenko 24-nji awgustda çykyş edip, rus lukmanlarynyň Nawalnynyň janyny halas edendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG