Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Ysraýyla geldi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), Ýakyn Gündogara edýän bäş günlük saparynyň çäklerinde, Ysraýyla geldi. Pompeo bu saparyň dowamynda Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň durnuklaşdyrylmagyny, şeýle-de beýleki arap döwletleriniň muňa eýermegini gazanjak bolýar.

Pompeo Ierusalimde ysraýyl premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda, Waşingtonyň araçylyk etmeginde, Ysraýyl bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda baglaşylan taryhy ylalaşyga hem garalmagyna garaşylýar.

13-nji awgustda Ysraýyl we Birleşen Arap Emirlikleri, Waşingtonyň araçylyk etmeginde baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde, doly diplomatiki gatnaşyklaryny ýola goýýandyklaryny yglan etdiler. Ylalaşyga laýyklykda, Ysraýyl Iordan derýasynyň günbatar kenarlaryny eýelemek planlaryny hem togtadýar.

Birleşen Arap Emirlikleri Ysraýyl bilen doly diplomatiki gatnaşyklary ýola goýan Pars Aýlygy döwletleriniň arasyndan ilkinji we arap ýurtlarynyň hataryndan üçünji döwlet boldy.

Bu ädimi Pars Aýlygy döwletleriniň käbiri goldady, emma Eýran, Türkiýe we palestinlylar tankytlady.

Pompeo saparynyň çäginde Birleşen Arap Emirliklerine, Bahreýne, Omana, Katara we Sudana sapar eder diýip, atlandyrylmadyk diplomatlar maglumat berdi.

XS
SM
MD
LG