Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talybanyň” ýük ulag partlamasynda we beýleki hüjümlerde 12 adam öldi


Owganystanyň kartasy.

25-nji awgustda Owganystanyň dürli künjeginde amala aşyrylan hüjümlerde, şol sanda “Talybanyň” bombaly ýük ulag bilen harby baza eden hüjüminde azyndan 12 adam öldi we başga-da ençeme adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

Ýük ulagyndaky janyndan geçen hüjümçi ýurduň demirgazygyndaky Balh welaýatynda ýerleşýän, owgan harbylary tarapyndan ulanylýan harby bazany nyşana alan mahaly, üç adam, şol sanda iki owgan harbysy we parahat ilatdan bir ýaşaýjy öldi diýip, welaýat häkimliginiň metbugat wekili Munir Ahmad Farhad aýtdy.

Ýurduň demirgazygyndaky owgan güýçleriniň metbugat wekili Hanif Rezaie deslapky harby maglumatlar bu partlamada azyndan alty harbynyň we 35 töweregi parahat ýaşaýjynyň ýaralanandygyny görkezýär diýdi.

Şeýle-de, ol partlamanyň netijesinde golaýda ýerleşýän parahat ilatyň onlarça ýaşaýyş jaýynyň weýran bolandygyny ýa-da olara zeper ýetendigini hem aýtdy.

"Talybanyň" metbugat wekili Zabiullah Mujahid Twitter sosial ulgamynda paýlaşan twitinde Balh hüjüminiň jogapkärçiligini toparyň üstüne aldy we wakada “onlarça” harby işgäriň öldürilendigini öňe sürdi.

Bu aralykda, 25-nji awgustda Gor welaýatynda hökümete tarapdar güýçleriň barlag nokadyna edilen hüjümde sekiz owgan esgeri öldi we başga-da bäş sanysy ýaralandy diýip, welaýat häkimliginiň metbugat wekili Arif Aber aýtdy.

Owgan paýtagty Kabulda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde polisiýa ofiseri öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG