Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin hassahanasy: Synaglar Nawalnynyň “zäherlenendigini” görkezýär


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Tiz kömek uçary bilen Russiýadan Germaniýa getirilen rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny bejerýän Çarite hassahanasy korrupsiýa garşy göreşijide geçirilen synaglaryň onuň "zäherlenendigini" görkezýär diýdi.

Nawalnyý "intensiw bejeriş bölüminde saklanýar we entegem komada", ýagny huşsuz halda ýatyr diýip, Berliniň keselhanasynyň 24-nji awgustda beren maglumatynda aýdylýar. Şol bir wagtda, hassahana rus oppozisiýa syýasatçysynyň “saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny, emma häzirki wagtda janyna çynlakaý howp abanmaýandygyny” hem belledi.

Rus prezidenti Wladimir Putiniň ýiti syýasy tankytçysy Nawalnyý 20-nji awgustda Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa uçup barýarka ýarawsyzlandy. Onuň uçary Omskda plansyz gonmaga mejbur boldy we ol gyssagly keselhana ýerleşdirilip, bu ýerde lukmanlar ony emeli koma saldylar.

"Kliniki tapyndylar, holinesteraz ingibitorlary diýilýän işjeň maddalar toparyndan bir madda bilen intoksikasiýany, ýagny zäherlenmäni görkezýär” diýlip, Çarite hassahanasynyň beýanatynda aýdylýar.

Nawalnynyň egindeşleri we tarapdarlary onuň Tomsk şäheriniň aeroportundan satyn alnan çaýy içenden soň zäherlenen bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG