Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa ýewropaly kanunçykaryjylara “Belarus oýandy” diýdi


Swýatlana Tsihanowskaýa
Swýatlana Tsihanowskaýa

Belarusda prezidentlik wezipesine bäsleşen Swetlana Tihanowskaýa ýewropaly kanunçykaryjylara Belarus halkynyň demokratiýa isleginiň Minskdäki häkimiýetleriň rehimsiz basyşy bilen "bozulmajakdygyny" aýtdy.

“Belaruslylar repressiýa, fiziki güýç bilen gorkuzylmagyna we azatlykdan mahrum edilmek baradaky haýbatlara garamazdan, soňky iki hepdäniň dowamynda yza gaýtmajakdyklaryny görkezdiler” diýip, Tihanowskaýa 25-nji awgustda Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetine aýtdy.

Tihanowskaýa Litwadan wideo aragatnaşyk arkaly eden çykyşynda basyşlar döwründe azyndan alty sany belarus protestçisiniň öldürilendigini we onlarça adamyň polisiýada saklanýan mahaly ýitirim bolandygyny yglan etdi.

Ol belarus häkimiýetlerinden “zorlugy we gorkuzmalary” bes etmegi, “ähli syýasy tussaglary boşatmagy” we “öz syýasy hukuklaryna hormat goýmagy” hem talap etdi.

“Belarus oýandy. Biz indi oppozisiýa däl. Biz indi köplük” diýip, Tihanowskaýa 23-nji awgustda Minskiň köçelerine 200 müňden gowrak adamyň çykandygyny we munuň şu wagta çenli geçirilen iň uly protest bolandygyny hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG