Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Nawalnynyň zäherlenendigi baradaky aýyplamalary ret edýär


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny
Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny

Russiýanyň resmileri rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň ýörite niýet bilen zäherlenendigi baradaky aýyplamalary ret edip, jenaýat işini gozgamak baradaky çagyryşlardan ýüz öwürýärler, şeýle-de bu işe daşary ýurtlardan gatyşylan bolmagynyň mümkindigini ýaňzydýarlar.

44 ýaşly korrupsiýa garşy göreşiji we prezident Wladimir Putiniň tutanýerli garşydaşy Nawalny 20-nji awgustda Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa uçup barýarka ýarawsyzlandy we uçary Omskda plansyz gonmaga mejbur edip, gyssagly keselhana ýerleşdirildi.

Ol häzir Berliniň Çarite keselhanasynda bejergi alýar.

24-nji awgustda keselhana geçirilen synaglaryň Nawalnynyň ‘zäherlenendigini’ görkezýändigini aýtdy.

Munuň fonunda, Günbatar döwletleri Russiýa Nawalnynyň güman edilýän zäherlenmesi boýunça derňewi geçirmegi we muny gurnanlary jogapkärçilige çekmegi barada basyş görkezip başladylar.

Emma rus resmileri, şol sanda rus lukmanlary we Kremliň tarapyny tutýan media Nawalnynyň ýörite niýet bilen zäherlenendigi baradaky garaýyşlary ret edýärler.

Bu aralykda, rus parlamentiniň aşaky öýüniň, ýagny Döwlet Dumasynyň spikeri komitetleriň biriniň güman edilýän zäherlenmäniň arkasynda ‘daşary ýurtlaryň’ durup-durmandygyny anyklamak boýunça derňew geçirjekdigini mälim etdi.

Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş rus resmileriniň ‘daşary ýurt gatyşygy’ boýunça aýyplama bildirmek barada ýörite gollanmadan peýdalanýana çalym edýändiklerini belledi.

XS
SM
MD
LG