Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda protestler bilen ilteşikli Nobel baýragynyň eýesi sorag edilýär


Nobel baýragynyň eýesi Swetlana Aleksiýewiç
Nobel baýragynyň eýesi Swetlana Aleksiýewiç

Belarusda resmileriň 26-njy awgustda Nobel baýragynyň eýesi, 72 ýaşly Swetlana Aleksiýewiçi sorag etmegine garaşylýar.

Bu ýurtda prezident Aleskandr Lukaşenkanyň häkimiýetden çekilmegine çagyryş edýän oppozisiýa garşy görkezilýän basyşlaryň we basyp ýatyrmalaryň arasynda bolup geçýär.

Mundan öň, oppozision Utgaşdyryjy Geňeşiniň iki agzasy, rugsat berilmedik protestleri gurnamakda aýyplanyp, tussag edilipdiler.

Belarusda onlarça müň adam köçelere çykyp, Lukaşenkanyň 26 ýyllyk häkimiýetiniň soňlanmagyna çagyrýar.

Lukaşenka hökümet bilen dialogy ýola goýmak maksady bilen esaslandyrylan Utgaşdyryjy Geňeşiň döredilmegini ‘häkimiýeti bikanun ýol bilen basyp almak synanyşygy’ diýip atlandyrdy.

Lukaşenkanyň saýlawlardaky baş bäsdeşi, soňy bilen daşary ýurda çykmaga mejbur bolan Swetlana Tihanowskaýa basyşlara we basyp ýatyrmalara garamazdan, Belarusdaky demokratiýa gymmatlyklarynyň tarapyndaky hereketiň ‘döwülmejekdigini’ aýtdy.

XS
SM
MD
LG