Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjik prezidenti Rahmon altynjy möhlete prezidentlige hödürlendi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

Täjigistanyň prezident Emomali Rahmon ýene prezidentlige hödürlenildi. Ol öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň arasynda iň uzak häkimiýet başynda oturan liderdir.

Täjigistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň federasiýasy 26-njy awgustda Rahmony prezidentlige hödürleýändigini resmi taýdan yglan etdi. Bu 67 ýaşly iş başyndaky prezidentiň 11-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlarda bäsleşjekdigini alamatlandyrýar.

1992-nji ýyldan bäri prezidentlik wezipesini eýeleýän Rahmonyň öňümizdäki saýlawlara dalaş etmän, ogly, Duşenbäniň häkimi Rustam Emomaliniň prezidentlige dalaş etmegine ýol açmagynyň mümkindigi barada gürrüňler edildi.

Rahmonyň esaslandyran hökümet başyndaky Halk demokratiýa partiýasy öz dalaşgärini 3-nji sentýabrda hödürlär. Dalaşgärligi resmi taýdan hasaba alnandan soň, Rahmon prezidentlik ugrunda beýleki bäş dalaşgär bilen bäsleşer.

Täjigistanda 2013-nji ýylda geçirilen soňky prezident saýlawlarynda Rahmon sesleriň 84 prosenti bilen bu wezipä gaýtadan saýlandy. Täjigistanda şu wagta çenli Rahmonyň ýeňiş gazanan bäş prezidentlik saýlawynyň hiç haýsy Günbataryň saýlaw synçylary tarapyndan erkin we adalatly atlandyrylmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG