Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran IAEA-iň inspektorlarynyň güman edilýän öňki ýadro desgalaryna baryp görmegine rugsat berýär


Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi (çepde) bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň baş direktory Rafael Grossi metbugat ýygnagyna gatnaşýar. 25-nji awgust, 2020-nji ýyl. Tähran.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi (çepde) bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň baş direktory Rafael Grossi metbugat ýygnagyna gatnaşýar. 25-nji awgust, 2020-nji ýyl. Tähran.

ABŞ Eýrana garşy girizilen BMG sanksiýalaryny gaýtadan girizmek isleýän mahaly, Tähran özüne edilýän diplomatik basyşy ýeňledip, geçmişde ýadro işleriniň geçirilendigi güman edilýän iki desga inspektorlaryň baryp görmegine rugsat bermäge ylalaşdy.

Bu bildiriş Eýran bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň 26-njy awgustda bilelikde beren beýanatynda, Agentligiň baş direktory Rafael Grossi Tährana edýän saparyny tamamlaýan mahaly, edildi.

Düýbi Wenada ýerleşýän global gözegçilik guramasy Eýran resmileriniň bu iki ýere girilmegine rugsat bermeýändigi üçin hem-de ol ýerde mümkin bolan deklarasiýa edilmedik ýadro materiallary we ýadro işleri bilen baglanyşykly soraglara jogap bermeýändigi üçin tankytlady.

Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň beren beýanatynda Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi bilen Grossi “Eýranyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi tarapyndan kesgitlenen iki desga baryp görmegi meýletin üpjün edýändigini hem-de meseleleri çözmek üçin Agentligiň barlag işlerini ýeňilleşdirýändigini” aýtdylar.

Beýanatda barlag seneleriniň ylalaşylandygy aýdylýar, ýöne onuň haçan amala aşyryljagy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Grossi günüň ikinji ýarymynda Tährandan dolanandan soň, Halkara agentligiň inspektorlarynyň “tiz ara” agzalýan iki desga baryp görjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG