Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary işler ministrleri Belarusa garşy sanksiýalary maslahatlaşmaga taýýarlanýar


Minskde polisiýa protest ýörişine gatnaşýan bir adamy tussag edýär. 26-njy awgust, 2020-nji ýyl.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Berlinde iki günlük resmi däl gepleşiklere başlamaga taýynlanýar, onda jedelli prezident saýlawlary hem-de parahatçylykly protestçilere garşy edilen basyp ýatyrmalary sebäpli Belarusa garşy giriziljek sanksiýalaryň maslahat edilmegine garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň 9-njy awgustda geçirilen dawaly saýlawlaryň yzýany demonstrantlara edilen basyşlara ýa-da saýlawlaryň galplaşdyrylmagyna gatnaşmakda aýyplanýan 15-20 adama garşy sanksiýa girizmekde ylalaşandygy habar berilýär.

Bir çeşmäniň dpa habar agentligine habar bermegine görä, 27-28-nji awgust günleri Berlinde geçiriljek ýygnak sanksiýa girizilen adamlaryň hödürlenýän sanawyna syýasy goldaw tapmaga synanyşar. Bu syýasy goldaw olaryň resmi taýdan tassyklanylmagyna ýol berer.

Gepleşikleriň öňüyrasynda, Minskde polisiýa prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine 18-nji gün garşy çykmak üçin paýtagtyň Garaşsyzlyk meýdanyna ýygnanan azyndan 20 adamy tussag etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG