Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Baýdeni Amerikanyň beýikligine abanýan 'çepçi howp' atlandyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp milli konwensiýada çykyş edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Respublikan partiýanyň ikinji möhlete dalaşgär görkezmegini kabul etmek bilen, Demokratik partiýany we prezidentlige dalaşgär Jo Baýdeni Amerikan arzuwyna howp salýan radikal çepçiler hökmünde tankyt etdi.

Ol Respublikan milli konwensiýanyň soňunda, 27-nji awgustda Ak tamyň daşyndaky uly sahnada eden çykyşynda eger-de saýlansa, Baýden “Amerikanyň beýikligini ýok eder” diýdi.

Tramp öz administrasiýasynyň “soňky dört ýyly Jo Baýdeniň senator we wise-prezident hökmünde ýetiren zyýanyny düzetmeklige sarp edendigini” aýtdy we indi Tramp administrasiýasynyň gazananlarynyň ählisiniň “howp astyna düşýändigini” nygtady.

Demokratlar “Amerikany ýer ýüzündäki iň erkin, adalatly we adatdan daşary ýurt hökmünde görmeýär. Muňa derek, olar ony öz günäleri üçin jezalandyrylmaly bozuk döwlet hasaplaýarlar” diýip, Tramp aýtdy.

Tramp jynsparazlyk we koronawirus pandemiýasy baradaky milli çemeleşmä degip geçip, ýurdy esasan iki meseläniň aljyradýandygyny, Baýdeniň afrikaly amerikalylaryň polisiýa tarapyndan atylmagy sebäpli turan jyns dawasyny hasam güýçlendirjekdigini aýtdy.

“Donald Trampyň ýazgarýan zorluk hadysalarynyň ählisi onuň öz gözegçiliginde bolup geçdi. Onuň ýolbaşçylygy astynda boldy. Onuň öz prezidentlik döwründe boldy” diýip, Baýden twitterde bu aýyplama bada-bat jogap gaýtardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG