Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň býujet edaralarynda ýarym ýylda 1,7 million dollardan gowrak pul ogurlandy


Özbegistanyň täze 5 müňlük sumy
Özbegistanyň täze 5 müňlük sumy

Döwlet maliýe gözegçiligi guramasy şu ýylyň birinji ýarymynda 2010 býujet guramasynyň 1632-sinde 82 milliard sum möçberinde (takmynan 8 million dollar) maliýe ýalňyşlyklaryny ýüze çykardy.

Özbegistanyň Maliýe ministrliginiň ýarym ýyllyk hasabatyna görä, bu serişdeleriň 18 milliard sumy (1,7 million dollar) bikanun ulanyldy. Mundan başga-da, 64 milliard sum (6,2 million dollar) bikanun harçlandy.

Barlaglar koronawirus pandemiýasyna garşy göreşýän lukmançylyk edaralaryna bölünip berlen 56 milliard sum möçberindäki (5,5 million dollar) serişdäni harçlamakda goýberilen ýalňyşlyklary we kemçilikleri hem ýüze çykardy.

Nädogry hasaplamalar we höweslendiriş tölegleriniň ýokarlandyrylmagy, artykmaç we zerur däl harytlaryň satyn alynmagy sebäpli lukmançylyk edaralary 2,359 ýagdaýda 23 milliard sumy (2,2 million dollar) artyk harçlady.

XS
SM
MD
LG