Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussagda ölen raýat aktiwistini hatyralan gazak aktiwistlerine jeza berildi


Gazak aktiwistleri hukuk goraýjy Dulat Agadili ýatlaýar. Talapker obasy, 8-nji awgust, 2020.
Gazak aktiwistleri hukuk goraýjy Dulat Agadili ýatlaýar. Talapker obasy, 8-nji awgust, 2020.

Gazagystanyň onlarça aktiwisti fewral aýynda tussaglykda aradan çykan tanymal raýat hukuklary kampaniýaçysy Dulat Agadiliň ýatlama çäresine gatnaşandygy üçin gysga möhletli türme tussaglygyna höküm edildi ýa-da jerime tölemeli boldy.

Rugsat berilmedik ýygnanyşyga gatnaşanlygy üçin azyndan ýedi adam günäli tapyldy we 15 güne çenli azatlykdan mahrum edildi diýip, tussag edilenleriň garyndaşlary we hukuk goraýjylar aýtdy.

Türmä basylanlaryň arasynda aktiwistler Alma Nuryşewa we Alsan Hasanonow hem bar. Olar 27-nji awgustda Akmala sebitiniň kazyýeti tarapyndan, wideo aragatnaşygy arkaly geçirilen sud seljerişliginde azatlykdan mahrum edildi.

Bu sud seljerişliginde birnäçe aktiwiste 200 bilen 400 dollar aralygynda jerime tölemek hökümi çykaryldy.

Gazagystanyň adam hukuklaryny goraýjylary soňky günlerde Nur-Soltan, Almaty, Aktau, Oskemen we Semeý şäherlerinden bolan “onlarça” aktiwistiň sud edilendigini aýdýarlar.

8-nji awgustda Akmola sebitiniň Talapker obasynda, dogduk mekanynda Agadiliň hatyrasyna guralan ýatlama çäresine azyndan 100 adam gatnaşdy.

Olar ilki Agadiliň maşgala howlusynda bolup, soňra raýat hukuklaryny goraýjyny hatyralamak üçin oba gonamçylygyna, onuň jaýlanan ýerine gitdiler.

43 ýaşly Agadil fewral aýynyň aýagynda paýtagt Nur-Soltandaky deslapky tussaghanada, ýerli polisiýa hasabat bermek baradaky sud kararyny ýerine ýetirmänligi üçin tussag edilenden bir gün soň, gümürtik ýagdaýlarda aradan çykdy.

Häkimiýetler Agadiliň ýürek keselinden ölendigini aýtdy, ýöne maşgalasy we beýleki hukuk goraýjylar onuň ýürek problemalarynyň bolmandygyny aýdýarlar.

Fewral we mart aýlarynda Nur-Soltanda we beýleki şäherlerde hukuk goraýjynyň ölümi boýunça düýpli derňew geçirilmegine çagyrýan ýygnanyşyklar geçirildi.

XS
SM
MD
LG