Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbek raýatlarynyň Gyrgyzystana girmegine rugsat berildi


Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň serhedindaki "Dotluk" barlag nokady.

Gyrgyzystan koronawirusa garşy göreşiň çäginde girizilen käbir çäklendirmeleri sähel gowşatdy we 1-nji sentýabrdan başlap özbek raýatlarynyň iki Merkezi Aziýa döwletiniň serhedindäki “Dostuk” barlag nokadyndan ýurda girmegine rugsat berdi.

Gyrgyz Serhet gullugynyň metbugat wekili Gulmira Borubaýewa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Gyrgyzystanyň raýatlarynyň heniz hem Özbegistana girip bilmeýändigini, sebäbi Daşkentiň daşary ýurtlylaryň ýurda girmegini gadagan edýän çärelerini ýatyrmaýandygyny aýtdy.

Gyrgyzystan Özbegistany raýatlary öz ýurduna girip bilýän döwletleriň sanawyna goşdy. Bu sanawda Özbegistan 32-nji orny eýeleýär.

Gyrgyz hökümeti dünýäde pandemiýa bilen baglanyşykly ýagdaýyň üýtgäp durýandygy sebäpli sanawyň aýda iki gezek täzelenjekdigini aýtdy.

1-nji sentýabrda Gyrgyzystanda hasaba alnan koronawirus näsaglarynyň we COVID-19-a meňzeş alamatlar bilen ýiti pnewmoniýa hassalarynyň sany 43 müň 958 adama ýetdi, şol sanda 1060 adam öldi.

Özbegistanyň saglyk resmileriniň 1-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, mart aýynyň ortalaryndan bäri ýurtda 41 müň 944 koronawirus näsagy hasaba alyndy, şol sanda 322 adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG