Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hökümeti ‘Talybanyň’ ‘howply’ 100 tussagyny azatlyga goýberdi


"Talyban" tussaglary azatlyga goýberilýär. Herat. Iýun, 2020 ý.
"Talyban" tussaglary azatlyga goýberilýär. Herat. Iýun, 2020 ý.

Owgan resmileri Kabul bilen “Talyban” toparynyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagyna ýol açjak, tussaglaryň alyş-çalşygynyň çäklerinde ýene-de 100 “Talyban” jeňçisiniň tussaglykdan azat edilendigini mälim etdiler.

Owgan resmileri tussaglykda galan beýleki söweşijileriň iň howply jeňçilerdigini, olaryň ilçihanalara, jemgyýetçilik meýdançalaryna, hökümet binalaryna hüjümleri gurnandygyny, şeýle-de olaryň soňky ýyllaryň dowamynda parahat ilatyň arasyndan müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolandygyny aýtdylar.

“Talybanyň” 400 tussagynyň azat edilmegi barada geçen aý Kabulda geçirilen Loýa Jirga maslahatynyň dowamynda ylalaşylypdy.

Bu karar Waşington bilen “Talybanyň” arasynda gelnen ylalaşyga laýyklykda, jeňçi topary bilen Kabulyň gepleşiklere başlamagy üçin iki tarapyň-da tussaglary boşatmagy şert diýlip kesgitlenenden bäş aý çemesi wagt soň kabul edildi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran owgan resmisiniň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtmagyna görä, tussaglar öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda azatlyga goýberiler, şeýle-de mundan soň Katarda hökümet bilen “Talybanyň” arasyndaky gepleşikler başlanar.

XS
SM
MD
LG