Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German hökümeti: Barlag Nawalnynyň ‘Nowiçok’ bilen zäherlenendigini görkezýär


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny (arhiw suraty)
Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny (arhiw suraty)

German hökümeti rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnydan alnan gan nusgalarynda geçirilen barlaglarda “Nowiçok” nerw agentiniň tapylandygyny mälim etdi.

German kansleri Angela Merkeliň metbugat wekili Steffen Seibertiň 2-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda bellenilşi ýaly, Germaniýanyň ýörite harby laboratoriýasynda geçirilen barlaglar “‘Nowiçok’ toparyna degişli nerw agentiniň” bardygyny görkezipdir.

44 ýaşly korrupsiýa garşy göreşiji we prezident Wladimir Putiniň tutanýerli garşydaşy Nawalny 20-nji awgustda Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa uçup barýarka ýarawsyzlandy we uçary Omskda plansyz gonmaga mejbur edip, gyssagly keselhana ýerleşdirilipdi.

Ol soňy bilen bilen bejergi üçin Berliniň Şarite keselhanasyna äkidildi. Ol heniz hem medisina taýdan huşsuz halda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG