Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusyň ikinji tolkuny: kynçylyklar hem ony geçmegiň mümkinçilikleri


Gyrgyzystan. COVID-19. 21.08.2020
Gyrgyzystan. COVID-19. 21.08.2020

Agyr howsala döredýän koronawirusyň ikinji tolkuny häzir bar adamyň dilinde. Aýratynam hökümetiň çykarjak netijelerine garaşly adamlar köp aladada. Häzirki döwürde wirusa garşy göreşmekde ylmy düşünjeleriň takyk bolmazlygy hem bu wirus bilen baglanyşykly örän gysga wagtlyk tejribe Gyrgyzystana-da öz täsirini ýetirýär. Mundan daşary-da, COVID-19 ýaly näsaglyk jemgyýetde dürli garaýyşlary, goşmaça aladalary hem nämälimligi emele getirýär.

Kynçylyklar

Geliň, meselä parahat ýagdaýda çemeleşip, ol barada out of box, ýagny häzirki ýagdaýyň daşyndan durup seredeliň.

Biziň uzak döwürlik netijä gelmegimizde nähili problemalar bar?

№1 problema – garyplyk bolup durýar. Ýurduň bütewi içerki önümi jan başyna bir müň dollar çemesi bolansoň, pandemiýanyň garşysyna durmak başartmaýar.

№2 problema – ýurdumyzda wraçlaryň sanynyň az bolmagydyr. Lenin babamyzyň hyzmatynyň saýasynda, ýurda Ýewropa ölçegleri bilen garasak, 10 000 adama 35 wraç düşmeli bolsa, ol görkeziji bizde häzir dürli statistiki maglumatlara görä, her on müň adama 13-den 20 wraç aralygynda durýar. Wraçlaryň sanynyň az bolmagy netijesinde, islendik ýokanç keseliň özi bilen birlikde başga heläkçiligi hem getirmegi mümkin.

Problema №3 – biziň ýurdumyzda näsaglara keselhana orunlary häzirki wagtda 26 000 diýilýär, muňa ähli bölümler – çagalar keseli, bäbekhanalar, trawmatologiýa, oba keselhanalary we beýleki kliniki bölümler degişlidir. Bu ýerde kynçylyk nämeden ybarat? Gyrgyzystanda COVID-19 wirusy bilen kesellänleri we soňky wagtda aýan edilýänleri keselhanalara ýerleşdirmeli bolsa, takmynan 450 000 orun gerek. Munuň özi döwlet tarapyndan yglan edilen 26 müň keselhana ornunyň 450 müň adama hyzmat etmelidigini görkezýär. Keselhananyň mümkinçiliginden ummasyz köp mukdardaky näsag peýdalanjak bolup, şol bir az ýer üçin ýüz tutmaly bolýar. Hökümet resmileri gyssagly suratda gündizki açyk stasionarlary döretdiler. Bary bir, biz adaty bolmadyk köp ölüme şaýatlyk etdik.

Diagnoz goýmak tejribesi

Näsagyň keseline medisina diagnozyny goýmak dürli usullary hem goşmaça serişdeleri talap edýär. Adaty ýagdaýda bu owaly bilen näsaga umumy gözegçilikden, analizleri jemlemekden, laboratoriýa barlaglaryndan hem-de wirusly kesgitleýän (UZI, rentgen, MPT we beýlekiler) barlaglardan ybarat bolup durýar.

Gyrgyzystanda COVID-19 diagnozyny goýmak boýunça nähili çäre görüldi? Koronawirus üçin geçirilen test položitel netije berse, onda COVID-19 bar diýildi. Ýöne munuň özi ençeme statistiki bulaşyklyklary hem-de hökümet tarapyndan görülýän çärelerdäki näsazlygy emele getirdi.

Bu usulyň kynçylykly tarapy – wirusy gerekli ýerden we aýny wagtynda aýan edip bolmaýar. Meselem, adama wirus ýokuşypdyr, ondan laboratoriýa testini almak üçin, hökmany suratda ýeterlik yz gerek, ony dürli ylmy maglumatlara görä ýedi günden giç bolmadyk ýagdaýda kesgitlemeli. Wirus bolsa ilkinji günlerde burun boşlugynda bolup biler, birnäçe günden soň öýkene geçmegi mümkin, şonda ony burun boşlugyndan suwuklyk alyp, analizde aýan etmek kyn. Şu ýagdaýda ýalňyş netije görkezýän testler peýda bolýar. Hakykat ýüzünde adam kesel, onuň COVID-19 testi bolsa otrisatel netije berýär.

Iň ynamdar bilim – ol tejribeden gazanylan düşünje. Biziň ýurdumyzda ol wirusyň güýçli öjügen döwri iýun-iýul aýlaryna gabat geldi. Şonda näsaga diagnozy dürli usullarda goýdular hem dürli serişdelerden peýdalandylar.

Ýurduň gazanan tejribesi

Biziň ýaş ýurdumyz şeýle agyr gelen epidemiki keselçilik bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz boldy. Bu işde köp ýalňyş goýberildi, netijede Gyrgyzystanda agyr wirusa gaşy göreşmek tejribesi emele geldi. Indi şol gazanylan tejribäni özleşdirmek hem geljege sapak edinmek möhüm mesele bolup durýar.

Wraçlarda ägirt uly praktiki tejribe toplandy. Ilkinji başda bolan ölüm-ýitgileri wraçlaryň tejribesizliginden hem milletiň dowla düşmeginden diýip bolar. Soňra olar COVID-19 bilen göreşip, möhüm tejribe topladylar.

Öz ýurduňy özüň halas et. Şeýle çagyryş häzir her bir gyrgyzystanly üçin düşnükli bolsa gerek. Öňler köplere «wolontýor» sözi-de näbellidi, indi hemmeler wolontýorlaryň – meýletinleriň kimlerdigini bilýärler.

Biz graždaninler hökmünde döwlet gurluşyna ýardam etmelidiris. Muny çinownikleriň özünden hoşallygyny artdyrmak üçin däl, eýsem her birimiziň diri galmagymyz üçin başarmalydyrys. Ýurt ykdysady uçudyň gyrasynda dur, şu agyr epidemiki keseliň dowam edýän pursadynda, döwlet ykdysady hem sosial meseleleri çözmeli bolýar. Şonuň bilen birlikde, epidemiýanyň ýaýramak howpuna garşy çäreleri görmeli.

Bu meselede gyssagly suratda kim koronawirusa ýolugan bolsa, olardan anketa almak möhüm bolsa gerek. Bir maşgalada kim koronawirusy başdan geçiripdir, nähili derejede keselläpdir we haçan kesele ýolugypdyr, ondan başga şol maşgalada infeksiýa kimlere ýokuşypdyr? Şeýle anketa soraglarynyň geçirilmegi infeksiýanyň ýaýraýyşy baradaky analizi kesgitlemäge mümkinçilik döredip biler.

Gowy görelde

«Öz ýurduňy özüň halas et» diýlen maksat gyrgyz halkynyň jemgyýetçilik ulgamynda gazanan gowy göreldesidir. Bu ideýa infeksiýanyň ýaýraýyş geriminiň güýçli bolmagyndan hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen okuwçylaryň nä derejede howpsuz galmagy ugrunda edilýän aladadan gelip çykýar.

Bu ýerde aýdylýanlar Azatlyk Radiosynyň garaýşyny aňlatman biler.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG