Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Döwlet departamentiniň gözegçilik gullugyna ýolbaşçy bellendi


Mätýu Klimow (Matthew S. Klimow)

ABŞ-nyň Döwlet departamenti dört aý içinde dördünji baş gözegçisini yglan edýär.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo maýda gözegçilik edarasynyň uzak wagtlyk başlygyny işinden aýrandan soň, Tramp adminstrasiýasy dört aý içinde Döwlet departamentiniň gözegçilik gullugyna dördünji baş gözegçisini belledi.

Baş gözegçiniň wezipesine ilçi Mätýu Klimowyň bellenmegi kanun çykaryjylaryň arasynda bu gullugyň garaşsyz boljakdygy baradaky aladalary ýene-de bir gezek ýokary galdyrdy.

Sylagly söweş weterany, prezident Barak Obama döwründe NATO-da uly derejeli resmi bolan, soň wise-prezident Dik Çeýniniň edarasynda işlän Klimow häzir, prezident Donald Tramp tarapyndan hödürlenenden soň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bolup işleýär.

Klimow bu wezipäni 2020-nji ýylyň aýagyna çenli ýerine ýetirer diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary ABC News habar gullugyna aýtdy. Şondan soň onuň Türkmenistandaky wezipesine gaýdyp barmagyna garaşylýar.

Klimow bu işde uzak wagt bäri işleýän we gözegçilik edarasynyň orunbasary wezipesine dolanýan Diana Şawyň ornuna geçýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG