Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täze kitabynyň 'gyzykly we peýdaly bolmagyna' umyt baglaýar


Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby
Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi.

Döwlet baştutany 4-nji sentýabrda geçirilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “hemmeler üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna” umyt bildirdi.

TDH prezidentiň wise-premýerler P.Agamyradowa, M.Mämmedowa, Ç.Amanowa ýüzlenip, olaryň Halk maslahatyna çenli galan döwrüň içinde bu kitabyň tanyşdyryş çäresini geçirip biljekdiklerini aýdandygyny habar berýär.

G.Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelen wagtyndan bäri elliden gowrak kitabyny çap etdirdi.

Ýerli synçylar prezidentiň adyndan çap edilýän kitaplaryň köpüsiniň birbada üç dilde, döwlet serişdeleriniň hasabyna çap edilip, döwlet habar serişdelerinde, döwlet edaralaryndaky iş wagtynyň hasabyna wagyz edilýändigini we býujet edaralarynyň işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň boýnuna meýletin-mejbury ýagdaýda bikanun dakylýandygyny aýdýarlar.

Türkmen edebiýatçylarynyň köpüsiniň pikiriçe, ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultuny ornaşdyrmakda ulanylan “ýazyjy-prezident” wagzy türkmen edebiýatynyň täze belentliklere çykmagynda we ilat arasynda kitaba bolan höwesiň ösmeginde uly päsgelçilik bolmagynda galýar.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda döredilen garaşsyz neşirýatlaryň onlarçasy ýapyldy we başga pikir-garaýyşly, şahsyýet kultuny goldamaýan ýazyjy-şahyrlar ýurtda onlarça ýyl bäri gadaganlygynda galýar.

XS
SM
MD
LG