Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Germaniýanyň rus oppozisiýa lideriniň zäherlenmegi barada aýdanlaryna şübhelenmäge sebäp görmeýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp kreml tankytçysy, agyr näsag Alekseý Nawalnynyň rus döwletiniň gatnaşmagynda zäherlendigini görkezýän "subutnamany" görmändigini, ýöne Germaniýanyň onuň zäherlenendigi barada gelen netijesine şübhelenmäge hiç hili sebäp görmeýändigini aýtdy.

Tramp 4-nji sentýabrda Ak tamda žurnalistler bilen söhbetdeşlikde, Germaniýa 2-nji sentýabrda toksikologiýa synaglary rus oppozisiýa lideriniň harby derejeli nerw agenti “Nowiçok” bilen zäherlenendigini "aç-açan subut edýär" diýeli bäri, bu mesele boýunça ilkinji açyk beýanatyny etdi.

"Germaniýanyň aýdýanlaryna esaslansak, bu şeýle bolup görünýär. Eger bu şeýle bolsa, men gaty gaharlanaryn” diýip, Tramp aýtdy.

Tramp bu işiň "pajygalydygyny” we özüniň entek hiç hili subutnama almandygyny, ýöne zäherlenme boýunça ölerine "köp dokumentiň iberiljekdigini" aýtdy.

Döwlet departamenti 4-nji sentýabrda Nawalnynyň zäherlenendigi barada tapylan faktlardan çuňňur alada bildirdi. Kansler Angela Merkel Nawalnynyň işini "zäherlenmek arkaly adam öldürmek synanyşygy" diýip häsiýetlendirenden soň, Germaniýa ÝB we NATO hyzmatdaşlary bilen bilelikde görüljek çäreleriň pikirini edýär.

ÝB sanksiýalar meselesine seredýändigini mälim etdi we NATO öz gatnaşygyny ret edýän Orsýeti “doly hyzmatdaşlyga” hem-de "bitarap halkara" derňewiniň geçirilmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG