Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýanyň we Kosowanyň liderleri ABŞ-nyň araçylygyndaky “taryhy” şertnama üçin Brussele bardylar


Kosowanyň premýer-ministri Awdullah Hoti (çepde) we Serbiýanyň prezidenti Alyaksandar Wuçiç
Kosowanyň premýer-ministri Awdullah Hoti (çepde) we Serbiýanyň prezidenti Alyaksandar Wuçiç

Serbiýanyň we Kosowanyň liderleriniň ABŞ-nyň araçylyk eden şertnamasynyň çäginde 7-nji sentýabrda Brýusselde ÝB-niň ýokary derejeli liderleriniň duşuşmagyna garaşylýar. Ylalaşyk iki Balkan goňşusynyň ykdysady gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksadyna gönükdirilýär.

ÝB-niň resmileri ykdysady öňegidişlik Serbiýanyň prezidenti Alyaksandar Wuçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Awdullah Hotiniň arasynda syýasy özgerişe hem getirer diýip umyt edýärler. Kosowonyň statusy Serbiýa, Orsýet we sanlyja Ýewropa ýurtlary tarapyndan heniz ykrar edilmedi.

Brusselde geçiriljek gepleşikleriň öňüsyrasynda bilelikde edilen beýanatda Serbiýanyň we Kosowanyň ýolbaşçylarynyň "ÝB integrasiýasyna we ÝB-niň alyp barýan Belgrad-Pristina dialogynyň üstünde işlemegi ileri tutýandyklaryny" tassyklandyklary aýdylýar.

Serbiýa we onuň öňki regiony bolan Kosowo 4-nji sentýabrda Waşingtonda prezident Tramp we onuň administrasiýasy bilen iki gün dowam eden intensiw duşuşyklardan soň, ykdysadyýeti ösdürmek we iş ýerlerini köpeltmek ýaly ykdysady meseleler boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar. Bu gepleşikler iki ýyl töweregi wagt mundan ozal nyrhlar üstündäki uruş ýüze çykaly bäri ilkinji anyk öňegidişlik boldy.

XS
SM
MD
LG