Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisiýa syýasatçysy Nawalnynyň ýagdaýy "gowulaşdy"


Alekseý Nawalnyý

Alekseý Nawalnyny bejerýän nemes hassahanasy Orsýetiň oppozisiýa lideriniň ýagdaýynyň "gowulaşandygyny" we özüne "aýdylýanlara reaksiýa berýändigini" aýtdy.

Berliniň Çarite hassahanasy 7-nji sentýabrda eden beýanatynda 44 ýaşly Nawalnynyň "emeli komadan çykarylandygyny" we "öýkeni emeli işledýän guraldan aýrylandygyny" habar berdi.

Şeýle-de bolsa, hassahana "agyr zäherlenmäniň uzak möhletli täsirlerini kesgitlemek üçin entek irdigini" aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň açyk tankytçysy Nawalnyý, Sibirden gaýdan uçarda özüni erbet duýansoň, iki günden 22-nji awgustda Germaniýa iberildi.

Nemes hünärmenleri synaglaryň, Sowet döwrüniň harby nerw agenti "nowiçok" diýlip atlandyrylýan zäher bilen zäherlenendigini görkezýändigini aýtdylar. Ýewropa Bileleşigi, Germaniýa we beýleki ýurtlar Orsýetiň bu işi derňemegini talap etdiler.

Nawalnynyň ýakynlary we tarapdarlary zäherlenmäniň arkasynda rus häkimiýetleriniň bardygyna ynanýarlar, Kreml muny ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG