Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka häkimiýetde “birneme artykmaç wagt galan bolmagynyň mümkindigini” ýaňzytdy


Alýaksandr Lukaşenka
Alýaksandr Lukaşenka

Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka, habar berlişine görä, 8-nji sentýabrda Russiýanyň telewideniýesinde eden çykyşynda özüniň "[häkimiýetde] birneme artykmaç wagt galan bolmagynyň mümkindigini” ýaňzytdy. Bu waka esasy oppozisiýa guramaçysynyň ýitirim bolmagyna we soňra tussag edilmegine gahar-gazabyň artýan mahaly gabat geldi.

Belarusyň serhet gullugynyň resmileri oppozisiýanyň esasy guramaçysy Mariýa Kalesnikawanyň 8-nji sentýabrda irden ýurduň Ukraina bilen serhedinde tussag edilendigini aýtdylar. Bu waka Minskden onuň şübheli alnyp gaçylmagy we prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň beýleki tankytçylarynyň ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly soraglara jogap berilmegini talap edip, halkara derejesinde çagyryşlaryň edilýän mahaly boldy.

Habar berlişine görä, Mariýa Kalesnikawa we ýitirim bolan beýleki iki oppozisiýa guramaçysy – geňeşiň metbugat wekili Anton Randýonkau we ýerine ýetiriji sekretary Iwan Krautsouat – irden sagat 05:00-da “Alýaksandrauka” serhet geçelgesine bardy.

Olaryň üçüsi, ýurduň saýlaw resmileri 9-njy awgustda geçirilen saýlawda Lukaşenkany ýeňiji diýip yglan edeninden bäri, häkimiýetiň parahatçylykly geçişine basyş eden Utgaşdyryjy Geňeşiň möhüm şahsyýetleridir. Olar 7-nji sentýabrda ýitirim bolandan soň, kärdeşleri alada bildirip çykyş etdiler.

Bu aralykda, Russiýanyň metbugaty 26 ýyl bäri ýurda ýolbaşçylyk edýän Lukaşenkanyň wezipesinden aýrylmajakdygyna ýene bir gezek söz berendigini habar berdi.

Ýöne ol habarda häkimiýetde gaty uzak wagt bolandygyny boýun alýan ýaly bolup görünýär. "Hawa, [häkimiýetde] birneme artykmaç wagt galan bolmagym mümkin” diýip, rus mediasy Lukaşenkanyň sözlerine sitirledi.

Habarda aýdylmagyna görä, ol konstitusiýa reformalary geçirilenden soň täze saýlaw geçirilmegi mümkin diýen teklibini gaýtalady. Belarusyň oppozisiýa liderleri bu teklibi köpçülikleýin demonstrasiýalary basyp ýatyrmak taktikasy diýip häsiýetlendirýärler.

Belarus Döwlet serhet komitetiniň wekili Anton Byçkouski ilki üç guramaçynyň 8-nji sentýabrda irden ýurtdan gidendigini aýtdy.

Emma Belarusyň döwlet telewideniýesi Biçkouskiniň sözlerine salgylanyp, Utgaşdyryjy Geňeşiň prezidiumynyň agzasy Kalesnikawanyň serhetden geçmäge synanyşanda tussag edilendigini we beýleki iki guramaçynyň Ukraina geçendigini aýtdy.

Soňra Ukrainanyň Döwlet serhet gullugy Kalesnikawanyň ýurda girmändigini, ýöne Randyonkau bilen Krautsounyň gelendigini tassyklap, olaryň ýurda girişiniň resmileşdirilýändigini mälim etdi.

Bir şaýat Kalesnikawanyň 7-nji sentýabrda irden daşynda "Aragatnaşyk" diýlip ýazylan mikroawtobusa mündürilip, näbelli ýere äkidilendigini habar berdi.

Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Germaniýa olaryň "niredediginiň aýdyňlaşdyrylmagyny we Belarusdaky ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyny" talap etdi.

"Dowamly tussag edilmeler we repressiýalar, şol sanda Utgaşdyryjy Geňeşiň agzalaryna garşy [çäreler] kabul ederliksiz” diýip, Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas 8-nji sentýabrda “Bild” gazetinde çap edilen beýanatynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG