Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Orsýete garşy sanksiýa girizmegi pikirlenýär, NATO Nawalnynyň zäherlenmegini  maslahatlaşýar


Sankt Peterburgyň merkezinde rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny goldap, geçirilen piketde plakat göterýän protestçi. 20-nji awgust, 2020 ý.

NATO goranyş ýaranlygynyň agzalary 4-nji sentýabrda Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň harby derejeli nerw agenti bilen zäherlenmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite mejlis geçirýär.

30 agzaly Günbatar harby ýaranlygynyň bu mejlisde Orsýeti doly we aç-açan derňew geçirmäge resmi taýdan çagyrmagyna garaşylýar, ýöne bu meselede görülmegi mümkin has anyk çäreleriň bada-bat yglan edilmegi mümkin bolup görünmeýär.

Germaniýa 2-nji sentýabrda toksikologiýa synaglarynyň agyr keselli kreml tankytçysynyň “Nowiçok” nerw agenti bilen zäherlenendigini "ikuçsyz subut edendigini" aýtdy.

44 ýaşly Nawalnyý 20-nji awgustda Sibirden Moskwa uçuş wagtynda keselledi we barýan uçaryny Omsk şäherine gyssagly gonmaga mejbur etdi.

Ol Germaniýa ewakuasiýa edilmezden ozal iki günläp rus keselhanasynda huşsuz ýatdy. Häzir ol Berlindäki Çarite keselhanasynyň agyr näsaglar bölüminde, emeli dem alyş astynda, huşsyz ýagdaýda saglyk kömegini alaýar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Nawalnynyň işini “zäher bilen adam öldürmäge synanyşmak” diýip, häsiýetlendirenden soň, Germaniýa Russiýa garşy ÝB we NATO hyzmatdaşlary bilen bilelikde gaýtawul çärelerini görmegiň maslahatyny edýär.

4-nji sentýabrda Ýewroparlamentiň 100-den gowrak agzasy Ýewropa Bileleşiginiň daşary daşary syýasat başlygy Josep Borrelliň adyna açyk hat ýollap, Russiýada oppozisiýa adamlaryna we žurnalistlere edilen hüjümleriň jogapkärlerine garşy sanksiýa girizilmegine çagyryş etdi.

Dürli syýasy toparlaryň kanun çykaryjylary Nawalnynyň işi boýunça “doly we aç-açan derňew geçirilmegine çagyrdylar, ýöne olar “rus häkimiýetleriniň bu jenaýatyň aslyny derňemäge bolan islegine we ukybyna özleriniň örän şübhelenýändiklerini” aýtdylar.

3-nji sentýabrda Borrel ÝB agzalarynyň adyndan beýanat ýaýradyp, bu “jana kast ediş synanyşygyny” ýazgardy we Moskwadan jenaýaty doly derňemegi talap etdi.

“Ýewropa Bileleşigi bilelikde halkara gaýtawul bermäge çagyrýar we dogry çäreleri görmek, şol sanda çäklendirme çärelerini girizmek hukugyny özünde saklaýar” diýip, Borrell aýtdy. “Jezasyzlyga çydamlylyk görkezmeli däl we görkezilmez” diýip, ol belledi. Borrell doly halkara derňewiň üpjün edilmegi üçin Russiýany himiki ýaraglara gözegçilik edýän gurama bilen “doly hyzmatdaşlyk” etmäge çagyrdy.

Häzire çenli, rus häkimiýetleri Nawalnynyň işi boýunça gaçalak edýär we boýun towlaýar hem-de “ýeterlik subutnamanyň tapylmandygyny aýdyp”, “Nawalnynyň zäherlenmegine” garşy jenaýat derňew işini açmakdan ýüz öwürýär.

Prezident Wladimir Putiniň metbugat sekretary 4-nji sentýabrda Nawalnynyň kesellemegine anyk haýsy maddanyň sebäp bolandygyny Germaniýa bilen gepleşik arkaly öwrenmek isleýändiklerini aýtdy.

Şeýle-de, Dmitriý Peskow ilkibaşda onuň saglygyna sereden rus lukmanlarynyň german lukmanlaryndan has aç-açan bolandygyny hem-de rus hünärmenleriniň meselä seredýändiklerini öňe sürdi.

Günüň birinji ýarymynda Russiýanyň Derňew Komitetiniň Sibirdäki şahamçalarynyň birine Nawalnyny kimdir biriniň öldürmäge synanyşan bolmak ähtimallygyny derňemegi sorandygy barada habarlar peýda boldy diýip, rus mediasy 4-nji sentýabrda habar berdi.

Rus tebigy gazyny Baltika deňziniň astyndan Germaniýa getirjek hem-de tamamlanyp barýan Demirgazyk Akymy 2 proýektinden el çekmegi üçin Merkele ýurt içinde edilýän basyş hem güýçlenýär.

“Diplomatik rituallar indi ýeterlik däl” diýip, nemes parlamentiniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Norbert Roettgen 2-nji sentýabrda twit ýazdy.

“Nawalnynyň zäherlenmeginden soň bize Putiniň düşünýän dilinde ýewropa jogaby zerur: ÝB Demirgazyk Akym 2-ni togtatmak barada bilelikde karar kabul etmeli” diýip, Merkezliň Hristiýan demokrat bileleşigi partiýasynyň liderligine dalaşgär boljak Roettgen aýtdy.

German kansleri geçen hepde Birleşen Ştatlar hem-de käbir ýewropaly hyzmatdaşlar tarapyndan garşy çykylýan Demirgazyk Akym 2 taslamasynyň Nawalnynyň işi bilen baglanyşdyrylmalydygy baradaky ideýany ret etdi.

Waşingtonda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşi "Orsýetdäki, delilleriň alyp barýan ýerindäki jogapkär adamlary jogapkärçilige çekmek we olaryň ýykgynçylykly işlerini amala aşyrmakda ulanýan serişdelerini çäklendirmek üçin" ABŞ-nyň öz ýaranlary bilen işleşjekdigini aýtdy.

Kongresde kanun çykaryjylar Tramp administrasiýasyny kongres tarapyndan sanksiýa girizilen Orsýete garşy hökmany sanksiýalary girizmäge çagyrdylar.

Nawalnynyň zäherlenmegi Britaniýanyň Salizböri şäherinde öňki rus goşa agendi Sergeý Skripal bilen onuň gyzynyň düşen halyny ýada salýar. Moskwa Skripllaryň zäherlenmegini derňemek boýunça hyzmatdaşlyk etmekden boýun gaçyrandan soň, britan hökümeti 23 rus diplomatyny ýurtdan çykarypdy. Utgaşykly gaýtawulyň çäginde Birleşen Ştatlary we beýleki ýewropa ýurtlary onlarça rus diplomatyny kowdy.

Nawalnynyň ýaranlary başdan bäri zäherlenmäniň aňyrsynda rus döwletiniň bardygyny aýdyp geldi. Onuň Korrupsiýa garşy gaznasynyň hukuk bölümi Russiýanyň Derňew komitetiniň “bu meselede hereketsizligi” boýunça şikaýat bilen ýüz tutdy.

Moskwanyň sudy şikaýaty ret etdi. Aklawçysy Wýaçeslaw Gimadi bu karary arz etjekdiklerini aýtdy.

Geçmişde birnäçe gezek hüjüm edilen we tussag edilen Nawalny öňdebaryjy syýasatçy, korrupsiýa garşy kampaniýaçy we protest lideridir.

Ol ýarawsyzlygyndan ozal soňky korrupsiýa derňewi üçin hem-de sentýabrda geçiriljek ýerli saýlawlarda oppozisiýa dalaşgärlerini goldamak üçin Sibirde boldy.

Russiýa bildirýän syýasy goldawynyň alamaty hökmünde Belarusyň çykgynsyz galan prezidenti Alýaksandr Lukaşenka 3-nji sentýabrda Nawalnynyň zäherlenmeginiň “galpdygyna” yşarat edýändigi aýdylýan bir telefon jaňyny belarus aňtaw gulluklarynyň diňländigini aýtdy. Lukaşenkanyň özi geçen aý geçirilen prezident saýlawlary we munuň yz ýany protestçileriň basyp ýatyrylmagy sebäpli halkara ýazgarmalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Lukaşenka bu telefon gepleşigine Berlindäki we Warşawady adamlaryň gatnaşandygyny öňe sürdi, ýöne olaryň atlaryny aýtmady.

“Nawalny zäherlenmedi” diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň TASS habar agentligi nemes hökümetiniň bir “wekiliniň” Lukaşenkanyň öňe sürmelerini “tebigy taýdan, dogry däl” diýip ret eden sözlerini sitirledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG