Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wada beriji waksinanyň synagy howpsuzlyk barlaglary sebäpli wagtlaýyn togtadyldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Farmasewtiki ‘AstraZeteca’ kärhanasy özüniň koronawirusa garşy waksinanyň üstünde alyp barýan synaglarynyň çäklerinde bir meýletinçide näbelli hassalygyň ýüze çykarylmagy bilen, waksinanyň soňky tapgyr barlaglaryny wagtlaýyn togtatdy.

‘AstraZeteca’ kärhanasy bilen Britaniýanyň Oksford uniwersiteti tarapyndan döredilýän waksina COVID-19-a garşy wada beriji waksinalaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

‘AstraZeteca’ kärhanasynyň 8-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, meýletinçi keselländen soňra, adaty gözegçilik prosesi başladylypdyr, şeýle-de “garaşsyz komitet tarapyndan howpsuzlyk maglumatlary seljerilýänçä, waksinasiýa işleri togtadylypdyr”.

Kärhana munuň synaglaryň dowamynda mümkin näbelli hassalyk ýüze çykarylanda görülýän “adaty çäredigini” aýtdy.

Hassalyga duçar bolan meýletinçiniň ýagdaýynyň ýakyn wagtda kadalaşjakdygy aýdylýar.

‘AstraZeteca’ ABŞ-da koronawirusa garşy mümkin waksinanyň onmüňlerçe adamyň üstünde üçünji tapgyr synaglaryny geçirýän üç kärhananyň biridir. Beýleki ikisi ‘Pfizer’ we ‘Moderna’ kompaniýalarydyr.

‘AstraZeteca’ kärhanasynyň beýanaty bilen, bu waksinanyň üstünde alnyp barylýan barlaglaryň howpsuzlyk derňewi sebäpli togtadylan ilkinji ýagdaýy boldy.

XS
SM
MD
LG