Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan wise-prezidenti özüne edilen hüjümden aman galdy


Owganystanyň birinji wise-prezidenti Amrulah Saleh hüjümden soňra özüniň Kabuldaky edarasynda dur. 9-njy sentýabr, 2020 ý.
Owganystanyň birinji wise-prezidenti Amrulah Saleh hüjümden soňra özüniň Kabuldaky edarasynda dur. 9-njy sentýabr, 2020 ý.

Owganystanyň paýtagty Kabulda birinji wise-prezident Amrulah Salehiň janyna kast etmek synanyşygyna çalym edýän hüjümiň netijesinde, Saleh kiçi ýaralar bilen, sebiti aman terk etmegi başardy. 9-njy sentýabrdaky hüjümde azyndan 10 adam öldi, 15-si hem ýaralandy.

Partladyjy serişdäniň ozalky aňtaw başlygyny we onuň ogluny alyp barýan ulag kerweniniň ýolunda ýerleşdirilendigi aýdylýar.

Bu Owganystandaky 20 ýyllyk urşy tamamlamaga gönükdirilen göz öňünde tutulan gepleşiklere ynamy gaçyryp we ony yza tesdirip biljekdigi baradaky aladalary döretdi.

“Talybanyň” metbugat wekili Selehiň ulag kerwenine edilen hüjüme toparyň ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG