Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Nawalnynyň işi boýunça “köpçülikleýin ýalan maglumat kampaniýasynyň” alnyp barylýandygyny aýdýar


Alekseý Nawalny (arhiw suraty)

Moskwa G-7 toparynyň düzümine girýän döwletleri Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmek işi bilen baglylykda Russiýa garşy sanksiýalary girizmek üçin “köpçülikleýin ýalan maglumat kampaniýasyny alyp barmakda” aýyplady.

44 ýaşly korrupsiýa garşy göreşiji we rus oppozisiýa lideri Nawalny häzir Berliniň keselhanasynda bejergi alýar. Ol geçen aý Sibirde özüni ýaramaz duýup, hassalyga uçrapdy. German lukmanlary onuň harby nerw agenti bilen zäherlenendigini aýdýarlar.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda “german resmileriniň konstruktiw däl çemeleşmeginiň” arasynda “Russiýa garşy esassyz hüjümleriň dowam etdirilýändigi” aýdylýar.

German lukmanlary şu hepde testleriň Nawalnynyň “Nowiçok” toparyna degişli nerw agenti bilen zäherlenendigini görkezendigini mälim edenden soňra, Russiýanyň bu ýagdaýlary derňemegi boýunça halkara derejesinde çagyryşlar edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG